BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) "Türkmenistanda meýletinçiligi ösdürmek" taslamasynyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Mary şäherinde TGÝMJ-niň Mary welaýat bölüminiň "Hemaýat" we "Sahabat" meýletinçiler merkezleriniň meýletinçileri üçin bir günlük "Elýeterli Jemgyýet"  seminary geçirildi.

Seminaryň ünsi, elýeterliligi we özara düşünişmegi wagyz etjek meýletinçilere gönükdirildi. Seminaryň maksatnamasy, maýyplygyň kesgitlemesi we bar bolan görnüşleri (körlük, kerlik, akyl taýdan yza galmak we hereket etmegiň bozulmalary) barada giňişleýin maglumat bermegi öz içine aldy. Gatnaşanlar maýyplyga sebäp bolýan faktorlary ara alyp maslahatlaşdylar we bu mesele bilen baglanyşykly dürli taraplary çuňňur öwrendiler. Mundan başga-da, maýyplygy bolan adamlar bilen netijeli aragatnaşyk gurmak ukyplaryny ösdürmek seminaryň möhüm bölegi boldy. Meýletinçiler hormat, empatiýa we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw dialog gurmak üçin gymmatly serişdeleri aldylar.

Seminaryň amaly bölegi, maýyplygy bolan adamlaryň gündelik durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryny duýmaga mümkinçilik berdi (gözleri daňylgy ýagdaýda ýerine ýetirilen maşklar, wizual aragatnaşyk bolmazdan şekilleri beýan etmek we binalaryň elýeterliligini seljermek boýunça berlen ýumuşlar) rahat we howpsuz gurşawy üpjün etmek üçin ownuk zatlaryň näderejede möhümdigini görkezdi.

Günüň jemleýji böleginde, inkluziýa ýörelgelerini we dürli zerurlyklary bolan adamlara sabyrly hem-de hormat goýmak bilen çemeleşmegiň mysallaryny görkezýän sahnalar ýerine ýetirildi. Seminaryň ahyrynda, gatnaşyjylar her bir adamyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň möhümdigi barada möhüm netijä geldiler.

Mary welaýatynda geçirilen "Elýeterli Jemgyýet" seminary, her bir adamyň aýratynlygyna garamazdan, öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde özüni duýmaga şert döredýän, hakyky inkluziw jemgyýeti döretmek ugrunda möhüm ädim boldy. Seminara gatnaşan meýletinçiler, oňyn üýtgeşmelere işjeň gatnaşmak pikiri bilen ylhamlandylar we adamkärçilikli hem-de adalatly dünýäniň kemala gelmegine öz goşantlaryny goşmaga taýýardyrlar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16976698
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8941
18463
138282
419489
16976698

Siziň IP: 18.217.14.25
2025-03-09