BAŞ SAHYPA

Meýletinçilik işi- bu öz islegiňe baglylygy bilen düşündirilip,  hiç bir jähtden   peýda gazanmaklykdan ugur alýan däldir. Çünki Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi meýletin döredi we diňe kömek bermeklige gönükdirilendir. Biz hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň meýletinçileriniň hatarynda bolmak bilen buýsanç bilen ynsanperwerlik kömegini bermekde, umumyadamzat we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmekde, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketi hakyndaky bilimleri ýaýratmakda, sagdyn durmuş ýörelgesini we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri wagyz etmekde, hemaýata mätäç adamlaryň bähbidi üçin zerur serişdeleri ýygnamakda we paýlamakda, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň anyk tärleri hakynda bilimleri ýaýratmakda, şeýle-de daşky gurşawy goramak işlerini geçirmek, ýaşlaryň, ýagny deň-duşlarymyzyň sagdyn ruhly, berk bedenli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli şahsyýet bolup ýetişmeklerinde geçirilýän işlerden çetde durmaýarys. Şol sanda meýletinçiler üçin geçirilýän okuw sapaklaryny özleşdirip kämilleşmek ýolunda ilerleýäris. Nesip bolsa 2025-nji ýylyň maý aýynyň 8-ne Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketini esaslandyran Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ilkinji eýesi Anri Dýunanyň dogulan güni we hereketiň bütindünýä döredilen güni bellenip geçiler. Biz meýletinçiler ýurdumyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň kiçijek ýardamçylary bolmak bilen halkymyzyň bagtyýarlygy, nesillerimiziň hemmetaraplaýyn sagdyn ýetişmekleri üçin yzygiderli uly aladalary edýän lukman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyga beslensin!

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116469
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13540
12654
352143
446852
18116469

Siziň IP: 216.73.216.204
2025-05-23