2025-nji ýylyň maý aýynda Balkanabat şäherindäki 15-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçylary üçin şowhunly we gyzykly sport estafetasyny gurnadylar.
Çärä taýýarlyk birnäçe gün öň başlandy. Meýletinçiler estafeta üçin ýörite çykyşlary taýýarladylar, sport esbaplaryny saýladylar we okuwçylaryň ýaşyna laýyk oýunlary düzdüler. Howpsuzlyga, çärelerdäki dürlüligi üpjün etmemäge her bir çaganyň gatnaşygyny üpjün etmeklige aýratyn üns berildi.
Çäre güni mekdebiň sport zaly şatlykly seslere we çagalaryň şatlykly gülkisi bilen başlady. Meýletinçiler gyzgalaňly başlap, gatnaşýan okuwçylary toparlara bölüşip we estafeta başlandy. Oňa päsgelçilikli ylgaýyş, bökmek, top zyňmak ýaly hereketli we gyzykly ýaryşlar girizildi. Çagalar uly höwes bilen gatnaşyp, birek-birege goldaw berdiler we sporty ruhubelentlik bilen garşy aldylar.
Şular ýaly çäreler diňe bir çagalaryň fiziki taýdan ösüşine däl, eýsem nesiller arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýaşlarda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak endigini ösdürmäge uly goşant goşýar. "Alada" Ýaşlar Merkezi şeýle çäreleri dowam etdirmegi we meýletinçileriň hereketini giňeltmegi meýilleşdirýär.