Biz Barada

TÜRKMENISTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MILLI  JEMGYÝETINIŇ YNSANPERWERLIK UGRYNDA KÖMEKÇI ORNY

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. Ol raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär. Milli jemgyýet öz asylly ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketinde  biziň ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýär.

1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly maksatlaryna tarap ugruny üýtgewsiz saklamagy başardy hem-de olaryň manysyna şu günüň ýagdaýlaryna görä täzeden düşünip, şol maksatlary täze Bagtyýarlyk zamanamyzda durmuşa geçirmegini dowam edýär. Biziň guramamyzyň döredilen ilkinji günlerinden häzire çenli geçen ýoly Türkmenistanyň taryhy bilen baglydyr.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1991-nji ýyla çenli öz işini Sowet Soýuzynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleri Bileleşiginiň düzüminde amala aşyrdy. Jemgyýetiň döredilen gününden bäri onuň işgärleri Türkmenistanyň tutuş çäginde ilatyň arasynda lukmançylyk-sanitar aň-bilim we sagaldyş çäreleriniň geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda adamlaryň janlaryny halas etmekde we ýaralylary bejermekde rehimliligiň we ynsanperwerligiň ýokary nusgalaryny görkezdi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Jemgyýetiň onlarça işgärleri görkezen edermenligi we ynsanperwerligi üçin ordenlere we medallara mynasyp boldular.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolan weýrançylykly ýertitremesi Aşgabat şäherini sanlyja minutlarda harabaçylyga öwürdi. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri we işgärleri ilkinjileriň hatarynda ejir çekenlere kömege geldiler.

1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň jar edilen we onuň dünýäniň milletler bileleşiginde doly hukukly agza hökmünde tassyklanan pursatyndan Milli jemgyýetiň taryhynda täze döwür başlanýar. 1991-nji ýylda Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň esasyny düzýän Ženewa Konwensiýalarynyň dördüsini we olara Goşmaça teswirnamalary tassyklady. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Türkmenistanyň çäginde öz işini Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara hereketiniň ynsanperwerlik, tarapsyzlyk, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, agzybirlik, uniwersallyk ýaly esasy ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýan ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasy diýlip ykrar edildi.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegi üçin hukuk esaslaryny döretdi. 1995-nji ýylda bolsa TGÝMJ Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly, 164-nji agzasy boldy.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işi –bu onuň durmuş syýasatynda türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, duýgudaşlygyň, rehimliligiň möhüm ýörelgelerini iş ýüzünde amala aşyrýanlygynda öz beýanyny tapýar. Durmuş syýasatynyň özenini bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary düzýär. Milli jemgyýet öz ynsanperwer wezipesini ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzda bolup geçýän, aýdyň döredijilik ugry bilen tapawutlanýan durmuş-ykdysady özgertmelere giňden gatnaşýar. Şol özgertmeler Türkmen döwletiniň we onuň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň binýadyny düzýär.

Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti öz işini ýurdumyzyň tutuş çäginde öz welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Jemgyýetiň 177 müňden gowrak agzasy we 3 müňden gowrak taýýarlykly meýletinçileri bolup, olar jemgyýetiň işine giňden gatnaşýarlar.

Jemgyýetiň  ileri tutulýan iş ugurlary:

·            sanitar-aň-bilim işlerini geçirmek, ilatyň has goraga mätäç gatlagyny durmuş taýdan goldamak, dürli keselleriň, şol sanda inçekeseliň, neşekeşligiň hem-de WIÇ/SPID-iň öňüni almak arkaly ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda döwlet edaralaryna ýardam etmek;

·            dürli ýagdaýlarda lukmana çenli ilkinji kömek bermek endiklerini öwretmek;

·            ýaş nesli türkmen halkynyň gözbaşlaryny gadymdan alyp gaýdýan rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek;

·            ilata adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek;

·            jemgyýetçiligiň arasynda Halkara ynsanperwer hukugy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň esasy ýörelgeleri hakynda bilimleri ýaýratmak;

·            taryhyň pajygaly wakalary, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde jyda düşen dogan-garyndaşlary gözläp tapmak bolup durýar.

Bu esasy wezipeler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we onuň şahamçalarynyň döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri we halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň esasynda çözülýär. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak Jemgyýetiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Diňe ýakyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasynda biz halkymyzyň we döwletimiziň ähli ynsanperwerlik mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine herekete getirip bileris.

TGÝMJ-niň köpugurly işleriniň esasyny “Saglyk” Milli maksatnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda amala aşyrýan lukmançylyk-durmuş üpjünçilik işi düzýär.

Milli jemgyýetiň amala aşyrýan maksatnamalarynyň köpüsi ilaty neşekeşligiň, ýokanç keselleriň, şol sanda inçekeseliň hem-de WIÇ/SPID-iň öňüni almak boýunça habarly etmegiň derejesini ýokarlandyrmak maksadyna eýerýär.

Milli jemgyýet ýokary ynsanperwer wezipesini ilata adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek arkaly adatdan daşary ýagdaýlarda adamlara kömek bermek ýaly möhüm ugurda hem amala aşyrýar. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar Döwlet topary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, dürli ministrlikler we pudak edaralary, şeýle hem häkimiýetiň ýerli ýerine ýetiriji edaralary bilen ýakyn gatnaşyklarda işlemek bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti adatdan daşary ýagdaýlaryň töwekgelçiligini we mümkin bolan netijelerini peseltmek boýunça işleriň we çäreleriň giňişleýin ulgamyny amala aşyrýar.

Gözleg gullugy Milli jemgyýetiň işinde uly orun eýeleýär, ol öz işini “Maşgala aragatnaşyklaryny dikeltmek” atly maksatnamanyň çäklerinde alyp barýar. Tebigy betbagtçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda dürli ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryň arasynda gatnaşyklar bozulýar. Kähalatda Gözleg gulluklarynyň ynsanperwerlik düşünjesinden ugur alyp, dürli adatdan daşary ýagdaýlar bilen bagly bolmadyk ýagdaýlarda hem sosial gözleg bilen meşgullanýandygyny bellemek gerek . TGÝMJ-niň Gözleg gullugy öz işini dünýäniň şu hili gulluklary bilen özaragatnaşykda amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Adam hukulary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek toparynyň agzasy hökmünde Milli jemgyýet dürli guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen,  halkara ynsanperwer hukugynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Ýaşlar bilen iş alyp barmak Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň köptarapli işinde aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyndan ugur almak bilen, Milli jemgyýet häzirkizaman talaplarynyň esasynda ýaşlar bilen köptaraply işleri geçirýär. Häzir TGÝMJ-niň ýaşlar hereketine 2000-den gowrak ýaş meýletinçiler girýär, olar “Her gün haýyr işler bilen!” diýen şygar astynda hereket edýärler. Ýaş meýletinçileriň has möhüm işleriniň hatarynda – sanitar-aň-bilim işleri, deň-duşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklige ýardam bermek, daşky gurşawy goramak ýaly işler bar. Ýeke ýaşaýan ýaşuly adamlara, maýyplara, şeýle hem doly üpjün däl we köpçagaly maşgalalardan bolan çagalara ýardam edilmegine uly üns berilýär. Bu işiň giň gerimliligi oňa durmuş üpjünçilik ulgamynyň işgärleriniň, mekdep mugallymlarynyň, hukukçylaryň, döredijilik işgärleriniň we ýaşlaryň hataryndan meýletinçileriň giňden çekilmegi netijesinde artýar.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak Milli jemgyýetiň işinde möhüm orun eýeleýär. Halkara hereketi – dünýäde iri ynsanperwer hereketleriň biri bolmak bilen, onuň işi ynsanperwer hukugy babatda halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine gönükdirilendir.

Hereketiň düzümine häzirki wagtda Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň 189-sy girýär.

Biziň Milli jemgyýetimiz häzire çenli Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Beýik Britaniýanyň, , Daniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň milli jemgyýetleri bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýdy.

TGÝMJ-niň ähli köptaraplaýyn işleri Jemgyýetiň 2011-2015-nji ýyllar üçin strategik meýilnamalaryny  hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň 2020-nji ýyla çenli Strategiýasyny nazara almak bilen guralýar.

Milli jemgyýetiň strategiýasy Jemgyýetiň ähli agzalaryna, meýletinçilerine we işgärlerine öz bilimlerini we döredijilik ukyplaryny peýdalanyp, ýagdaýy gowy tarapa üýtgetmäge gatnaşmaga mümkinçilik döredýär.

Bu gün TGÝMJ-niň işleri bilen köpsanly dürli reňkli neşirler: öwreniş bukletleri, kitapçalar, ýatlamalar, dürli gollanmalar arkaly tanyşyp bolýar. Internetde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň web-saýty hereket edýär.

Rehimliligiň we duýgudaşlygyň ugurlary boýunça köp ýol geçildi, işiň ägirt uly tejribesi toplandy. Bu bolsa Milli jemgyýeti mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek üçin berk binýadyň goýulandygyny nygtamaga mümkinçilik berýän döwürleriň biri bolmak bilen, ol adamlaryň köp nesilleriniň, aýratyn-da goldawa we alada mätäç bolup durýanlaryň durmuşyny gowy tarapa üýtgetmäge ýardam berýär.

Ýokarda aýdylanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ilaty adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlamak, raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, neşekeşlige garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek  ýaly asylly işlerini  has-da gowulandyryp, täze Bagtyýarlyk zamanamyza maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda ýerine ýetirer.