Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylda esaslandyrylyp, gözbaşyny ХVIII- nji asyryň ikinji ýarymyndan Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketinden alyp gaýdýar. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketini esaslandyran parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ilkinji eýesi Anri Dýunandyr. Onuň doglan güni bolan 8-nji maýda Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň bütindünýä güni diýip bellenilýär.
1859-njy ýylyň iýun aýynda şweýsar işewüri Anri Dýunan Demirgazyk Italiýada Solferino obasynyň golaýynda bolan söweşiň Fransuz we Awstriýa goşunlarynyň arasynda bolan çaknyşygyň janly şaýady bolýar. 40 müň esger söweş meýdanynda ölüp, ýaralanyp ýatyrdy. Olaryň ganlary akýardy kömege çagyrýardylar. Bu ýagdaý A.Dýunany gaty howsala salýar we golaýda ýaşaýan obalaryň ýaşaýjylaryna ýüzlenip, kömege çagyrýar. Ol adamlara ýaralananlaryň milletine, haýsy goşuna degişlidigine, haýsy dilde gürleýändigine garamazdan kömek bermeklerini sorap ýüz tutýar we ýerli buthanalaryň birini hassahana öwürip, şol bada el serişdeleri bilen halas ediş işlerini başlaýar. Hemme gerekli dermanlary, egin-eşikleri öz hasabyna satyn alýar.
A.Dýunan öz watanyna Zenewa gaýdyp gelenden soň 1860-njy ýylda “Solferino hakynda ýatlama” kitabyny çap edýär. Ol bu kitapda görenini beýan etmek bilen çäklenmän iki sany teklip berýär:
1.Uruş wagtynda ýaralananlara ideg etmek üçin meýletinçileri öwretmek boýunça parahatçylyk döwründe meýletinçiler komitetini döretmek.
2.Şol komitetleri tapawutlandyrmak we goramak boýunça halkara ylalaşygyny döretmek.
1863-nji ýylda A.Dýunan Zenewaly öz pikirdeşleri bilen Gyzyl Hajyň Halkara Komitetini döredýär. 1919-njy ýylda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy döredilýär.
Häzirki wagtda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý nyşanlarynyň astynda hereket edýän jemgyýetler dünýäniň 191 ýurdunda dini däl we syýasy däl hereketdir. Şepagatly ugurlaryny dünýä ýaýradýan Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň abraýa eýe bolmagynyň esasynda 1949-njy ýylda kabul edilen dört sany Zenewa Konwensiýalary ýatyr. Çünki bu taryhy Kararlarda şahsyýetiň mertebesine hormat goýmaklyga, ynsanperwerlik ýörelgesine esaslanan Hukuk resminamalaryň çaknyşyklarynyň ýüze çykan halatynda hukuk goragynyň başlangyjy goýulypdy. Zenewa Konwensiýalaryna birigen her bir döwlet Halkara Ynsanpewerlik Hukuklary hakyndaky bilimleri ýaýradyp, ynsanperwer ýörelgelerini hem wagyz etmegi öz üstüne alýar.
Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwledi 1995-nji ýylda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň 164-nji deň hukukly agzasy boldy. Ol Zenewa Konwensiýalaryna we olaryň goşmaça Teswirnamalaryna eýerýän 194 döwletiň biridir.
Ýurdumyzda halk bähbitli işleri alyp barýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi türkmen halkynyň durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Ol saglygy goraýyşda, durmuş üpjünçiligi ulgamynda, bilimde we ýaşlary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde öz goşandyny goşýar. Ynsanperwerlik bolsa halkymyzyň ata-baba eýerip gelýän ahlak ýörelgeleriniň biridir.