BAŞ SAHYPA

Her ýylyň 8-nji maýynda bütin dünýäde Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döredilen güni bellenilýär — bu gün dünýäniň iň hormatlanýan we ynsanperwerlik ruhly seneleriniň biridir. Şu sene mynasybetli TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň  maksady — ynsanperwerlik işi babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketiniň gymmatlyklaryny wagyz etmek, häzirki döwrüň kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki çözgütleri gözlemekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda meýletinçiligi ösdürmek, ilatyň ejiz gatlaklaryna kömek etmek, adatdan daşary ýagdaýlara we tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk görmek we olara täsir etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyny wagyz etmek ýaly mowzuklara aýratyn üns berildi. Bu çäre Hereketiň esaslandyryjysy tarapyndan öňe sürlen ynsanperwerlik, tarap çalmazlyk, bitaraplyk we meýletinlik ýörelgeleriniň häzirki zaman dünýäsi üçin hem möhüm we zerurdygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18115962
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13033
12654
351636
446852
18115962

Siziň IP: 216.73.216.229
2025-05-23