Türkmenistanyň "Ýangyn howpsuzlygy hakyndaky" Kanunynyň hem-de ýurdumyzda hereket edýän ýangyn howpsuzlyk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň arasynda "Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek" mowzugy boýunça wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Welaýat bölüminiň ADY dolandyrmak bölümçesiniň müdiri we Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň wekili çykyş edip, ýaz-tomus möwsüminiň dowam edýän döwründe işgärleriň diňe bir iş ýerlerinde däl, eýsem öýlerinde hem ýangyn howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmekligiň möhümdigini nygtadylar. Ýangyn söndüriji enjamlary dogry ulanmak, elektrik gyzdyryjy enjamlary talaplara laýyk peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin düşündirildi. Bu çäre işgärleriň ýangyn howpunyň öňüni almak babatda bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olaryň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirildi.