BAŞ SAHYPA

Ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda howanyň üýtgemegi netijesinde ekologiýany arassa saklamak ugrunda giň-gerimli zerur işler durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa baglylykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähimli sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem meýilnama laýyklykda dürli ulgamlardaky wekilleriň gatnaşmagynda ýerlerde derwaýys çäreleri geçirýär. Parahat ýurdumyzda halkymyzyň howpsuz, arkaýyn durmuşyň lezzetini duýup, erkana ýaşamaklaryny gazanmakda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň çäklerinde 2025-nji ýylyň 28-nji aprelde " Bütindünýä Zähmeti goramak güni" gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň mejlisler otagynda meýletinçileriň we işgärleriň gatnaşmagynda “Ýer titremesi wagtynda özüni alyp baryş düzgünleri, betbagtçylyk bolan ýerinden ewakuasiýa” atly okuw çäresi geçirildi. Okuw maslahatynda adamzat ýaşaýşynda ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlarda, çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlykly bolmagyny gazanmak babatynda täsirli çykyşlar diňlenilip, usuly tejribeler alyşyldy. Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak, özüňi we töweregiňdäki adamlary, galyberse-de tebigaty howpdan goramak, binadan seresaply we dogry ewakuirleme amaly görnüşde okadyldy. Her bir hadysada, olara täsir etmek üçin ýerli we milli mümkinçiliklerimizi güýçlendirmegiň  halkymyz we geljekki neslimiz üçin juda derwaýysdygy bellenilip geçildi. Adatdan daşary ýagdaýlara, tebigy betbagtçylyklara hem-de tehnogen hadysalara taýýarlamak, halk köpçüligini wagtynda habarly etmek, olaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, şol ýagdaýlarda özüňi alyp barmaklygy we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini öwretmek halkymyzyň röwşen gelejegi üçin bähbitlidir. Okuw maslahatynyň soňunda diňleýjilere ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, geçirilen okuw usuly maslahatlary, Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri ýerlerde wagyz etmek ündeldi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116100
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13171
12654
351774
446852
18116100

Siziň IP: 216.73.216.144
2025-05-23