BAŞ SAHYPA

2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNICEF) bilelikdäki iş meýilnamasynyň hem-de ÝUNICEF bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikdäki “Merkezi Aziýanyň ýer titremelere we tebigy betbagtçylyklara ýokary töwekgelçiligi bolan ýurtlarynda ýerli we milli derejesinde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we jogap beriş mümkinçiliklerini güýçlendirmek” maksatnamasynyň çäginde 2025-nji ýylyň 15–16-njy maýynda Daşoguz şäheriniň 25-nji, 29-njy we 36-njy orta mekdeplerinde okuw maslahatlary geçirildi. Bu çäreler ýerli häkimiýetleriň, maksatnamanyň amala aşyrylýan  mekdepleriň müdirleriniň we mugallymlarynyň, şeýle hem TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň işgärleriniň we meýletinçileriniň gatnaşmagynda geçirildi. Okuw maslahatlarynyň esasy maksady mekdeplerde we ýerli jemgyýetlerde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak hem-de ilkinji kömegi bermek boýunça bilimleri we başarnyklary artdyrmakdan ybarat boldy.Okuw maslahatlary ÝUNICEF-iň milli maslahatçysy tarapyndan, adatdan daşary ýagdaýlar, howanyň üýtgemegi we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak meseleleri boýunça ÝUNICEF-iň hünärmeni we Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esasynda guraldy. Bu çäreler okuwçylaryň we ýerli jemgyýetleriň howpsuzlyk medeniýetini ösdürmäge we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga möhüm goşant boldy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116200
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13271
12654
351874
446852
18116200

Siziň IP: 216.73.216.239
2025-05-23