ÝARAGLY GÜÝÇLERIŇ HARBY BÖLUMLERI ÜÇIN HALKARA YNSANPERWERLIK HUKUGY BOÝUNÇA MODUL

ÝARAGLY GÜÝÇLERIŇ HARBY BÖLUMLERI ÜÇIN HALKARA YNSANPERWERLIK HUKUGY BOÝUNÇA

MODUL

 

Tema: Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleri. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň esas goýujy ýörelgeleri. Nyşanlar.

 Maksady: Seminara gatnaşyjylary Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleri, Gyzyl Haçyň Halkara Hereketiniň, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara Federasiýasynyň, Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleriniň alyp barýan iş ugurlary, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) ynsanperwerlik işi, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň taryhy bilen tanyşdyrmak.

Wezipe:

1.                      Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada maglumat bermek.

2.                      Diňleýjileri Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak.

3.                      TGÝMJ-i we onuň esasy iş ugurlary, Hereketiň düzüm birlikleriniň özara hyzmatdaşlygy baradaky habarlylygy ýokarlandyrmak.

4.                      Diňleýjileri  Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary, “Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryny goramak we peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşdyrmak.

Maksatlaýyn topar: harby gullukçylar.

Usullar: leksiýa, kompýuterli tanyşdyryş çäresi.

Garaşylýan netije: harby gullukçylar Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara  Hereketiň düzüm birlikleriniň her biriniň işiniň ugurlary hakda, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň dörediliş taryhyny, olaryň dogry peýdalanylyşyny  hem-de TGÝMJ-niň alyp barýan esasy iş ugurlary barada bilýärler.

 

Sapagyň meýilnamasy:

1.                      Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň düzüm bölekleri.

2.                      TGÝMJ-niň ynsanperwerlik işi.

3.                      Halkara ynsanperwerlik hukugy hakynda düşünje.     

4.                      Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary.

Wagt: 2 sagat.

Sapak. Giriş.

 

1.                      Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara

                        Hereketiniň  düzüm bölekleri

           Sapagy alypbaryjy sapagyň temasyny, onuň maksadyny yglan edýär. Alypbaryja Hereketiň her bir düzüm birliginiň aýratynlygyny we döwletiň Hereketdäki   ähmiýetini mahabatlandyrmak   şöhlelendirýär. Diňleýjilere her bir düzüm birligiň öz mandatynyň bardygyny we beýlekiniň işini gaýtalamaýandygyny düşündirmek zerurdyr. Şonuň ýaly-da Hereketiň işiniň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm kararlaryň kabul edilmeginde döwletiň roluny we borçnamalaryny görkezmek möhümdir.

 Sapagy alypbaryjy Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň gurluşy bilen baglanyşykly slaýdy görkezýär we şol boýunça Hereketiň her bir düzüm birliginiň maksadyny we işini düşündirýär.

 Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi üç sany düzüm böleginden: Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyndan, Milli jemgyýetlerden ybaratdyr. Bu düzüm birlikleriň her biriniň özüne mahsus iş ugurlary  bar. Olaryň her biriniň mandatyna we işine seredeliň:

1.                      Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti ähli Gyzyl Haç Hereketini esaslandyryjydyr we bu Hereketiň esasy düzüm birlikleri bolup durýar. Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti tarap çalmaýan, bitarap we garaşsyz guramadyr, onuň ynsanperwer maksatlary we wezipeleri urşuň hem-de ýurduň içindäki zorlukly ýagdaýlaryň pidalarynyň ömrüni hem-de mertebesini goramakdan, olara kömek bermekden ybaratdyr.

                                  

 

Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti dawaly ýagdaýlarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Hereketiň durmuşa geçirýän işlerine ýolbaşçylyk edýär hem-de ony sazlaýar. Ynsanperwerlik hukugyny we köptaraply ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek we berkitmek bilen, Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti adamyň ejir çekmeginiň öňüni almaga çalyşýar.

 1863-nji ýylda esaslandyrylan Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň hem-de Gyzyl Ýarymaýyň başlangyjydyr. Ol halkara jemgyýetçiliginden alnan aýratyn ygtyýarlyklara (mandata) eýedir:

· Söweşýän taraplaryň arasynda bitarap araçy hökmünde çykyş edýär.

· Halkara ynsanperwerlik hukugyny wagyz edijidir we saklaýjydyr.

· Ýaragly dawalaryň, ýurduň içindäki içerki tertipsizlikleriň we zorlugyň pidalaryny goramaga we olara kömek bermäge çalyşýar.

 

Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň esasy iş ugurlary:

· Gözleg boýunça merkezi agentligi;

· Azatlykdan mahrum edilenleri, harby tussaglary, syýasy tussaglary görmäge barmak;

·  Dawalaryň pidalaryna ynsanperwerlik kömegini bermek;

· Dawalaryň pidalaryna saglygy goraýşyň ulgamynda kömek bermek;

· Halkara ynsanperwerlik hukugy we Gyzyl Haç Halkara hereketi baradaky bilimleri ýaýratmak.

 

II. Hereketiň ikinji düzüm birligi Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasydyr.

 

 

                                          
             

 

Halkara Federasiýasynyň esasy maksady:  betbagtçylykly hadysalar we weýrançylyklar döwründe adamlaryň ejir çekmekleriniň öňüni almak we ýeňilleşdirmek üçin harby däl häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň pidalaryna kömek bermekdir.

 Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden tapawutlylykda Halkara Federasiýa parahatçylykly döwürde iri tebigy we tehnogen weýrançylykly ýagdaýlarda, epidemiýalarda ýa-da, beýleki ýurtlaryň milli jemgyýetlerinden alnan ynsanperwerlik kömeginiň utgaşdyrylmagyny amala aşyryp, hereket edýär.

 Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň işiniň esasy ugurlary:

1.                      Milli jemgyýetler üçin hemişelik aragatnaşyk edarasydyr we olara zerur bolan  kömegi berýär.

2.                      Her bir ýurtda degişli şertlerde Milli jemgyýetiň döredilmegine hem-de olaryň ösmegine ýardam edýär.

3.                      Tebigy betbagtçylyklaryň we weýrançylyklaryň ähli pidalaryna kömek berýär hem-de Milli jemgyýetlere betbagtçylykly ýagdaýlarda işi taýýarlamaga kömek edýär.

4.                      Ilatyň saglygyny goramaga we durmuş üpjünçiligine gönükdirilen işde Milli jemgyýetleri höweslendirýär hem-de olaryň gatnaşmagyny utgaşdyrýar.

5.                      Milli jemgyýetlere öz hatarlaryna täze agzalary çekmäge we olara Hereketiň ýörelgelerini hem-de ideallaryny öwretmäge kömek edýär.

6.                      Gyzyl Haçyň Halkara Komitetine halkara ynsanperwerlik hukugy we Milli jemgyýetleriň arasynda esas goýujy ýörelgeleriň ýaýradylmagyna ýardam edýär.

 

III. Hereketiň esasy düzüm birlikleriniň biri  Gyzyl Haçyň ya-da Gyzyl     

                            Ýarymaýyň  Milli jemgyýetleridir

               

 

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň umumy maksady Ženewa Konwensiýasynda beýan edilişi ýaly, ýaragly  çaknyşyklaryň pidalaryna kömek bermek boýunça, şeýle hem tebigy betbagtçylyklarda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda asla tarap çalmazdan hereket edip, adamlaryň hasratynyň öňüni almak we ýeňilleşdirmek.

 Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleri harby döwürdäki ýaly parahatçylyk döwründe-de hereket edýärler. Islendik Milli jemgyýetiň birinji derejeli wezipesi urşuň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň pidalaryna ynsanperwerlik kömegini bermekden, parahatçylykly döwürde bolsa olara taýýarlanmakdan: meýletinçileri toplamakdan we okatmakdan, “aýratyn döwre” ammarlary taýýarlamakdan, dürli durmuş maksatnamalaryny düzmekden we durmuşa geçirmekden: ilatyň has hemaýata mätäç gatlaklaryna (köp çagaly, az üpjünçilikli maşgalalara, hossarsyz ýeke garrylara, ýetim çagalara, maýyplara) kömek bermekden ybaratdyr.

 Hereketiň düzüm birlikleriniň arasyndaky bilelikdäki iş Hereketiň Tertipnamasy we içki ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar.

 

 2.  Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň

                        (TGÝMJ) ynsanperwerlik işi

                             
                                          

TGÝMJ-niň - esasy maksatlary adamyň jebir çekmeginiň öňüni almak we ýeňletmekdir; adam ömrüni we saglygyny goramakdyr; milleti, teniniň reňki, jyns alamatlary, sosial gelip çykyşy, dini, dili, raýatlygy, syýasy garaýyşlary ýa-da haýsydyr başga alamatlary boýunça hiç hili kemsitmelere ýol bermezden, adamyň mertebesine hormat goýulmagyny üpjün etmekdir.

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylyň martynda döredildi. 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi SSSR-iň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň bileleşiginiň düzüminde amala aşyryldy.

 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň işini Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýan, Türkmenistanyň çägindäki ýeke-täk, jemgyýetçilik, özbaşdak gurama diýip ykrar edildi.

  1992-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan 1949-njy ýylyň Ženewa Konwensiýalarynyň 4-sine  we olara Goşmaça Teswirnamalara (1977-nji ýyl)  goşuldy.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegi üçin hukuk esaslaryny döretdi. 1995-nji ýylda bolsa TGÝMJ Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly, 164-nji agzasy boldy.

 

 Ženewa konwensiýalarynda oňa gatnaşyjy döwletleriň bu  konwensiýalaryň tekstlerini ilatyň arasynda ýaýratmak barada borçnamalary öz üstlerine alýandyklary  görkezilýär.

 

 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda  “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. TGÝMJ Türkmenistanyň çäginde Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryny peýdalanmak boýunça düzgünleri düşündirmek bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylmagynyň öňüni almak we ýol bermezlik meselelerinde ýardam berýär. “Tiz kömek” ulaglarynda öň peýdalanylan Gyzyl Haç belgisi Türkmenistanda kabul edilen saglygy goraýşyň nyşany bilen çalşyryldy.

 2011-nji ýylyň awgustyndan başlap TGÝMJ-i Türkmenistanyň Adam hukulary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek toparynyň agzasydyr. Bu Toparyň agzasy bolmaklyk Milli jemgyýete Halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky bilimleri ýaýratmakda döwlet gurluşlary bilen bilelikde hereket etmek üçin giň mümkinçilikler açýar.

 TGÝMJ-i öz döwletiniň işjeň kömekçisi bolup,  Jemgyýetiň ynsanperwerlik işiniň esasynda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, Halkara Ynsanperwerlik hukugy hem-de Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri hakyndaky bilimleri ýaýratmak bolup durýar.

 TGÝMJ-niň esasy iş ugurlary:

·                   sanitar-aň-bilim işlerini geçirmek, ilatyň has goraga mätäç gatlagyny durmuş taýdan goldamak, dürli keselleriň, şol sanda inçekeseliň, neşekeşligiň hem-de WIÇ/SPID-iň öňüni almak arkaly ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda döwlet edaralaryna ýardam etmek;

·                   dürli ýagdaýlarda lukmana çenli ilkinji kömek bermek endiklerini öwretmek;

·                   ýaş nesli türkmen halkynyň gözbaşlaryny gadymdan alyp gaýdýan rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek;

·                   ilata adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek;

·                   jemgyýetçiligiň arasynda Halkara ynsanperwer hukugy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň esasy ýörelgeleri hakynda bilimleri ýaýratmak;

·                   taryhyň pajygaly wakalary, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde jyda düşen dogan-garyndaşlary gözläp tapmak bolup durýar.

Sapagy alypbaryjy gatnaşyjylara TGÝMJ baradaky wideoroligi görkezýär.

 

3. Halkara ynsanperwerlik hukugy hakynda düşünje.

Alypbaryjy seminara gatnaşyjylardan olaryň halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky düşünjelerini  soraýar.

 

Halkara ynsanperwerlik hukugy (HYH) Bu  ýaragly dawalaryňpidalaryny goramaga gönükdirilen halkara kadalar bolup durýar.

Halkara ynsanperwerlik hukugy haçan ulanylýar?

Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalary iki ýagdaýlarda hereket edýär:

·        iki, ýa-da mundan köp döwlet gatnaşýan halkara ýaragly dawalarda;

·        bir döwletiň çäginde bolup geçýän ýaragly dawalarda (mysal üçin, hökümet goşunlary bilen gozgalaňçy güýçleriň arasynda). Şeýle dawalar halkara däl ýaragly dawalara degişli bolup durýar. (1977-nji ýylyň 2-nji goşmaça teswirnamasy).

Halkara ynsanperwerlik hukugy dawany kimiň başlandygyna seretmezden, ähli taraplar üçin ulanylýar.

Halkara ynsanperwerlik hukugy söweş hereketlerine gatnaşmaýan ýa-da söweş hereketlerine gatnaşmagyny bes eden adamlary goraýar, mysal üçin:

-         ýaralylar, keselliler, gämi heläkçiligine uçran adamlar (kombatantlar – Ýaragly Güýçleriň düzümine girýän adamlar)  -     I ŽK, II ŽK;

-          harby ýesirler – III ŽK;

-          raýatlar – IV ŽK;

-         lukmançylyk we dini adamlar (kombatant däl adamlar).

Halkara ynsanperwerlik hukugyny köplenç «ýaragly dawalaryň hukugy» ýa-da «urşuň hukugy» diýip atlandyrýarlar.

Halkara Ynsanperwerlik hukugy – özünde Ženewa  we Gaaga hukularyny  birikdirýär. Gaaga hukugy we Ženewa hukugy aýratynlykda hereket etmeýärler, olar özara baglanyşyklydyr.

 

Ženewa hukugy  - bu hukuk  harby zerurlyklar ýüze çykanda adam şahsyýetini we mertebesini goramaga  üpjün edýän ynsanperwerlik hukugydyr. Ol söweş hereketlerine gatnaşmaýan ýa-da oňa gatnaşmagyny bes eden adamlara goraglylyk edýär.

 

Gaaga hukugy - urşuň hukugydyr. Ol uruşýan taraplaryň harby maksadyň talap edýän üstünliginden başga uly zyýan ýetirmezlik ýörelgesine esaslanýar. Harby maksat duşmanyň harby kuwwatyny gowşatmakdyr. Şeýlelikde, Gaaga hukugy söweş hereketleri alnyp barlanda söweşýän taraplaryň hukugyny we borçlaryny kesgitleýär, harby hereketler alnyp barlanda ýarag serişdeleri saýlap almakda çäklendirýär hem-de urşy alyp barmagyň serişdelerini we usullaryny belleýär.

Halkara ynsanperwerlik hukugynyň maksady uruşýan taraplary bimany rehimsizlikden saklap, ýaragly dawalaryň weýran ediji güýjüni çäklendirmekden we ýaragly dawanyň açyk wagşylyga öwrülmezligine ýol bermezlikden ybarat.

Halkara ynsanperwerlik hukugyny düzýän şertnamalar şertli ýagdaýda üç görnüşe bölünip biler:

-          Urşuň pidalaryna goraglylyk berýän şertnamalar. (Ženewa hukugy).

-          Urşy alyp barmagyň ýaraglarynyň we usullarynyň belli bir görnüşleriniň peýdalanmagyny gadagan edýän ýa-da çäklendirýän şertnamalar (Gaaga hukugy).

-          Belli bir binalara (obýektlere) goraglyk berýän şertnamalar.

 

Urşuň pidalaryna goraglyk berýän şertnamalar (Ženewa hukugy).

Häzirki zaman Halkara ynsanperwerlik hukugynyň esasy çeşmeleri: 1949-njy ýylyň 12-nji awgustyndaky 4 sany Ženewa Konwensiýlary we olara 1977-nji ýylyň 8-nji iýunynda 2 sany Goşmaça teswirnamalary bolup durýar. Ženewa Konwensiýalarynyň her biri urşuň pidalarynyň hem-de ýaragly dawalaryň  görnüşleriniň belli bir görnüşine (kategoriýasyna) degişlidir.

·        I Ženewa Konwensiýasy hereket edýän goşunlardaky ýaralylaryň we kesellileriň ýagdaýyny gowulandyrmak hakynda.

·        II Ženewa Konwensiýasy ýaralylaryň, kesellileriň we Ýaragly güýçleriň deňizdäki düzüminden gämi heläkçiligine uçranlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak hakda.

·        III Ženewa Konwensiýasy harby ýesirler bilen işleşmek hakda.

·        IV Ženewa Konwensiýasy uruş wagtynda  ilaty goramak hakda.

Ženewa konwensiýalarynyň dördüsiniň-de her biri ýaragly dawalaryň pidalarynyň belli bir toparyna hukuk goragyny berýän düzgünleri özünde jemleýär.

Ženewa konwensiýalarynyň dördüsiniň-de käte «konwensiýadaky konwensiýa» ýa-da «kiçi konwensiýa» diýlip atlandyrylýan umumy 3-nji maddasy bar. Bu kiçi konwensiýadaky kadalary  söweşýän taraplar hňkmany berjaý etmäge borçlydyrlar.

 

1977-nji ýylyň I-nji  Goşmaça teswirnamasy halkara ýaragly dawalarda ulanylýar. Bu resminamanyň möhüm üstünligi halkara ýaragly dawalaryň pidalarynyň goraglygyny güýçlendirýär,  ilatyň saýlanyp alynmadyk urşuň howplaryndan hem-de ählumumy urşuň netijelerinden goragynyň gowulandyrmagyny belleýär.

1977-nji ýylyň II Goşmaça teswirnamasy halkara däl ýaragly dawalaryň (ýa-da içerki dawalaryň), ýagny bir döwletiň çäginde bolup geçýän ýagdaýlarda ulanylýar. Bu Teswirnama Ženewa konwensiýalarynyň ählisi üçin umumy bolan, 3-nji maddada berkidilen düzgünleri: şahsyýetiň fiziki we ahlak eldegrilmesizligine hormat, azatlykdan mahrum edilen adamlara ynsanperwerlik bilen garamak, şeýle hem ynsanperwerlik hukugynyň beýleki birnäçe kadalaryny takyklaýar hem-de ösdürýär.

 

Urşy alyp barmagyň ýaraglarynyň we usullarynyň belli bir görnüşiniň ulanylyşyny gadagan edýän ýa-da çäklendirýän şertnamalar (Gaaga hukugy):

 

·        1899-njy we 1907-nji ýyllaryň guryýer we deňiz uruşlarynyň kanunlary hem-de däpleri hakynda Gaaga konwensiýalary.

·        1949-njy ýyldaky Ženewa konwensiýalaryna 1977-nji ýylyň Goşmaça teswirnamalary (halkara we halkara däl ýaragly dawalarda harby hereketleri alyp barmagyň belli bir usullaryny gadagan edýär).

·        Partlaýjy we ýandyryjy oklary ulanmagy ýatyrmak hakynda 1868-nji ýyldaky Deklarasiýa.

·        Ýeňil bölünýän we ýemşerýän oklary ulanmazlyk hakynda 1899-njy ýylyň Deklarasiýasy.

·        Uruşda bogujy we zäherli gazlary ulanmagy gadagan etmek hakynda 1925-nji ýylyň Konwensiýasy.

·        Baktereologik we toksik ýaraglary işläp taýýarlamagy, öndürmegi we ätiýaçlyklaryny toplamagy gadagan etmek hakynda 1972-nji ýylyň Konwensiýasy.

·        Adatdan daşary zyýan ýetirip biljek ýa-da sökülmeýän işli ýaraglaryň käbir görnüşlerini gadagan etmek ýa-da ulanylyşyny çäklendirmek hakynda 1980-nji ýylyň Konwensiýasy we oňa goşmaça teswirnamalar:

-         ýüze çykarylmaýan oskolkolar hakynda I Teswirnama;

-         Minalary we beýleki gurluşlary gadagan etmek ýa-da ulanylyşyny çäklendirmek hakynda II Teswirnama;

-         Ýandyryjy ýaraglary gadagan etmek ýa-da ulanyşyny çäklendirmek hakynda III Teswirnama;

-         Gözi gapyjy lazer ýaragyna degişli IV Teswirnama (1995-nji ýyl).

 

● Himiýa ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi, toplamagy we ulanmagy gadagan etmek hakynda 1993-nji ýyldaky Konwensiýa.

● Pyýada goşuna garşy minalary ulanmagy, toplamagy, öndürmegi we bermegi gadagan etmek hakyndaky 1997-nji ýyldaky Konwensiýa.

● Kassetaly ök-därileri ulanmagy, toplamagy, öndürmegi we bermegi gadagan etmek hakyndaky 2008-nji ýyldaky Konwensiýa.

 

Belli bir binalaryň (obýektleriň) goralmagyny kesgitleýän şertnamalar

·        «Ýaragly dawa bolan halatynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda» 1954-nji ýylyň 14-nji maýyndaky Gaaga Konwensiýasy.

·        Ýaragly dawa bolan halatynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda (1954 ý.) I Teswirnama basylyp alnan çäklerden medeni gymmatlyklaryň alnyp gidilmeginiň öňüni almaga, şeýle gymmatlyklary goramaga we gaýtaryp bermäge gönükdirilen.

·        Ýaragly dawa bolan halatynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda (1999 ý.) II Teswirnama medeni gymmatlyklaryň goragyny güýçlendirýär, şeýle hem içki dawalar wagtynda ulanylýar.

 

Halkara ynsanperwerlik hukugynyň esasy düzgünleri:

1. Ýaragly güýçleriň hataryndan çykan adamlar we söweş hereketlerine gönüden-göni gatnaşmadyklar ömürlerine hormat goýulmagyna, ahlak we fiziki eldegrilmesizlige bolan hukuga eýedirler. Ähli ýagdaýlarda olar haýsydyr bir kemsidilmesiz gorag we ynsanperwerlik bilen goralmak hukugyna eýedirler.

2. Ýesir düşen ýa-da ýaragly güýçleriň hataryndan çykan hasaplanýan duşmany öldürmek ýa-da oňa şikes ýetirmek gadagan edilýär.

3. Söweşýän taraplar ýaralylary we kesellileri ýygnalmalydyrlar we olara garaşyk etmelidirler. Goraga lukmançylyk işgärleri, olaryň edaralary, ulag serişdeleri we enjamlary degişlidir. Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý nyşany şeýle goraga hukuk döredýär.

4. Duşmanyň gözegçilik edýän çäginde bolýan, ýesirlige alnan söweş hereketine gatnaşyjylar (kombatantlar) we raýat adamlar ömürlerine, mertebelerine, şahsy hukuklaryna we ynançlaryna hormat goýulmak hukugyna eýedirler. Olara zorlukdan we repressiýalardan (mejbury çärelerden) gorag üpjün edilmelidir, olar öz maşgalalary bilen hat aragatnaşygyna we kömek almaga hukuga eýedirler.

5. Her bir adamyň esasy ýuridik kepilliklere hukugy bardyr. Hiç kim fiziki we ahlak sütemlere, ten jesazyna, şeýle hem gazaply ýa-da kemsidiji çemeleşilmegine sezewar edilmeli däldir.

6. Dawadaky taraplar we olaryň ýaragly güýçleri urşy alyp barmagyň usullarynyň we serişdeleriniň çäklendirilmedik görnüşinden peýdalanyp bilmezler. Özüniň häsiýeti boýunça çäklendirilmedik ýitgileriň zerurlygyna alyp barjak we çäksiz hasrata eltjek söweş hereketlerini alyp barmagyň ýaraglaryny we usullaryny ulanmak gadagan edilýär.

7. Dawalaşýan taraplar ilat bilen kombatatntlaryň arasynda hemişe tapawut goýmaga we mümkin boldugyndan  ilata we emläge rehim etmäge borçludyr. Ilat, ýa-da aýry-aýry adamlar hüjüm edilmeginiň obýekti bolmaly däldir. Diňe harby obýektlere hüjüm edilip bilner.

 

Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryny saklamak borjy

Ženewa konwensiýalaryna  gatnaşýan her bir ýurduň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň borjy Halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky bilimleri ýaýratmakdyr. Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti ekspert hökmünde bu meseleler boýunça Milli jemgyýetlere broşýuralary, bukletleri we beýleki gollanmalary neşir edip, Halkara ynsanperwerlik hukugynyň taryhynyň, ösüşiniň we düzgünleriniň ähli ugurlary (aspektleri) boýunça seminarlary, sergileri gurnamaga kömek berýär.

Ženewa konwensiýalarynyň gödek bozulmalaryna harby jenaýat hökmünde garalýar. Ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmezligi üçin milli derejede bolşy ýaly, halkara derejesinde-de jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.

Ženewa konwensiýasyna goşulmak bilen, döwletler öz üstlerine bu konwensiýalaryň gödek bozulmalarynda günäkär adamlara çäre görmek üçin zerur kanunçylyk çäreleri görmek barada borçnama aldylar. Mundan başga-da döwletler bu şertnamalaryň gödek bozulmalaryny etmekde güman edilýän adamlaryň jenaýat gözlegini ýa-ha özleri amala aşyrmalydyrlar ýa-da kazyýet seljerişini geçirmek üçin ony başga döwlete bermelidirler.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň «Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygynyň garşy jenaýatlar» diýen bölüminde şeýle jenaýatlar üçin «Urşy wagyz etmek» diýen 167-nji maddada, «Hakyna tutma» diýen 169-njy maddada jogapkärçilik göz öňünde tutulýar.

Hakyna tutma - munuň özi harby hereketlere bikanun gatnaşmak, hakyna tutulan bolsa bikanun kombatatnt, oňa harby jenaýaty hökmünde baha berilýär, sebäbi ol maddy höweslendirme almak maksady bilen ýaragly dawa gatnaşypdyr hem-de ýaragly dawa gatnaşýan döwletiň raýaty däl.

 

       4.Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary.

 

1864-nji ýylyň 8-nji awgustynda bolan birinji Halkara konferensiýasynda lukmançylyk gulluklarynyň ählumumy ykrar edilen nyşanyny kabul etmek zerurlygy baradaky çagyryş aýdyldy. Şweýsariýa döwletine hormat goýmak hem-de bu ýurduň döwlet baýdagyny peýdalanmak bilen,  ýerligi ak gyzyl haç nyşanyny şekillendirmek teklip edildi we bu teklip kabul edildi.

    Şweýsar baýdagy, ak haç.                    Ak düşekli gyzyl haç –    

                                                                 lukmançylyk gulluklarynyň    

                                                                 nyşany.                                                                                                                   

                                                                                                                                       

 

Gyzyl Ýarymaýyň nyşany ilkinji gezek Osman imperiýasy (Türkiýe) tarapyndan peýdalanyldy.

                               
        

 

Rus-türk urşy wagtynda (1876-1878) Türkiýe döwleti Gyzyl Haç nyşanyny ulanmakdan boýun gaçyrýar, sebäbi, olaryň pikiriçe, bu nyşanyň  dini ähmiýetli bar. Şol sebäpli olar  Gyzyl Ýarymaý nyşanyny ulanýarlar. Gyzyl Ýarymaý ikinji gorag nyşany hökmünde 1929-njy ýylda ykrar edilýär.

 

2005-nji ýylyň dekabrynda täze nyşany – Gyzyl Kristaly ykrar etmek hakynda goşmaça Üçünji protokoly kabul eden Diplomatik konferensiýa boldy.

                                
                   

2007-nji ýylda Üçünji Goşmaça Protokol güýje girdi. Ol täze goşmaça nyşany – ýerligi ak Gyzyl Kristaly kesgitledi.

 

 Türkmenistan Ženewa konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, nyşanlaryň dogry ulanylmagyna gyzyklanma bildirýär. 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanda Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Kanun kabul edildi, ol Türkmenistanyň çäginde nyşanlary peýdalanmagyň düzgünlerini belleýär.

 Kanuna laýyklykda:

- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň lukmançylyk düzümleri Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny parahatçylykly we harby hereketler döwürde ulanýarlar;

- raýat lukmançylyk işgärleri harby hereketler döwürde Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny ulanýarlar;

- TGÝMJ-i Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny tapawutlandyryjy we gorag nyşanlary hökmünde parahatçylyk we harby hereketler döwürlerinde ulanýar;

 Ženewa konwensiýalary we olara Goşmaça teswirnamalar bilen rugsat edilmedik nyşanlaryň  peýdalanylmagy bikanundyr.

  Döwletleriň üstýne nyşanlaryň bikanun peýdalanylmagynyň öňüni almak we oňa ýol bermezlik üçin zerur çäreleri görmek borjy ýüklenendir.

 Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 225-nji maddasynda Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylandygy üçin jerime görnüşinde ýa-da düzediş işleri görnüşinde jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulandyr.

 

Nyşanlary bikanun peýdalanmagyň adaty mysallary.

 Imitasiýa -- nyşanlary ýalňyşlyk bilen Gyzyl Haçyň, Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Kristalyň nyşany hökmünde peýdalanmak (mysal üçin, reňkleriniň, şekiliniň meňzeşligi üçin).

 Gyzyl Haçyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň oňa hukugy bolmadyk guramalar ýa-da adamlar (telekeçilik firmalary, hökümete degişli bolmadyk guramalar, şahsy iş bilen meşgullanýan aýry-aýry adamlar, lukmanlar, dermanhanalar we ş. m.) tarapyndan peýdalanylmagy. Nyşanlary telekeçilik maksady bilen peýdalanmak gadagan.

 

  Ähtiýalanlyk (вероломство): harby döwürde ýaragly kombatantlary ýa-da harby tehnikalary goramak, mysal üçin, ýüzüne nyşan şekillendirilen sanitar ulaglar ýa-da dikuçarlar ýaragly kombatantlary daşaýarlar, gyzyl haçly baýdak ýaragly ammarlary ýaşyrmak üçin peýdalanylýar. Nyşanlaryň şeýle bikanun peýdalanmaklygyna harby jenaýat hökmünde garalýar.

 
             

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Halkara tapawutlandyryş belgileri

Halkara tapawutlandyryş belgileri aýratyn goragda duran binalarda (obýektlerde) oturdylýar we olary kesgitleýär.

Lukmançylyk gulluklary, lukmançylyk we dini wekilleri, sanitar-ulag serişdeleri, halkara we milli ynsanperwerlik guramalarynyň işgärleri eldegrilmesizlige eýedirler.

                          

Raýat goranyşyň işgärleri we obýektleri goragdan peýdalanýarlar.

 

 

 
 

 

 

 

 

 

 

 

                                                                           

Medeni gymmatlyklar.

Taryhy ýadygärlikleriň, sungat eserleriniň ýa-da adamzadyň medeni we ruhy mirasyny düzýän ýerleriň garşysyna duşmançylykly hereketleri etmek gadagan edilýär. Olar islendik halkara we halkara derejesinde bolmadyk ýaragly dawalarda goragdan peýdalanýarlar.

 

 
 

 

 

 

 

 

                                                                               

 

 

 

 

Howply güýçler - howply netijelere getirip biljek zaýalanan obýektler: dambalar, atom elektrostansiýalary, himiýa zawodlary.

 

 
 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

                                                                               

 

Ak baýdak parlamenteryň  gepleşikleri ýa-da ýaraşyklary geçirmek üçin ulanýan, harby hereketleriň bes edilendigine şaýatlyk edýän baýdak.

 

 
 

 

                                                                                 

 

 

 

 

 

 

 

Tapawutlandyryjy belgiler:

·        şeýle tapawutlandyryjy belgileri dakynýan adamlary we şeýle belgiler bilen belgilenen obýektleri hormatlaň!

·        Şol adamlara öz wezipelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik dörediň!

·        Tapawutlandyryjy belgili binalary, edaralary zaýalamaň!

·        Tapawutlandyryjy belgiler bilen belgilenen ulag serişdeleriniň, gämileriň, uçarlaryň hereketine ýol beriň!

 

 Duşuşygyň ahyrynda alypbaryjy Milli jemgyýetiň, Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara Federasiýasynyň işi baradaky bukletleri, broşýuralary we beýleki çap ediş serişdelerini paýlap biler.

ÝARAGLY GÜÝÇLERIŇ HARBY BÖLUMLERI ÜÇIN HALKARA YNSANPERWERLIK HUKUGY BOÝUNÇA MODUL.docx