BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň “Zehin” ýaşlar merkeziniň meýletinçileri, şäheriň 15-nji we 19-njy orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Milli mirasa sarpa goýmak” ady bilen okuw sapaklaryny geçirdiler. Meýletinçiler okuw sapaklarynyň ahyrynda sergi gurnadylar. Okuwçylar  türkmeniň gadymy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Welaýat bölüminiň hünärmeni   şöhratly taryhymyz buýsançly geçmişimiziň gymmatlyklary barada täsirli gürrüň berdiler. Bu geçirilen sergi okuwçylarda milli-medeni mirasymyzda sarpany has hem kämilleşdirmekde uly ähmiýete  eýe boldy.Bu çäre, şübhesiz, ýaşlar üçin milli medeni mirasymyza bolan hormaty we gyzyklanmalary artdyrmaga möhüm bir ädim bolupdyr. Serginiň gurnalmagy, türkmeniň gadymdan gelýän milli gymmatlyklary bilen tanyşmak, ýaşlara geçmişimize we ony gorap saklamagyň möhümdigine düşünmegine kömek eder. Şeýle çäreler, ýaş nesliň öz halkynyň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly ähli zatlara bolan hormatyny pugtalandyrmak üçin ajaýyp ýol bolup biler. Daşoguz welaýatynda  geçirilen çäräniň  täsiri uly bolup, ýaşlarymyzyň milli mirasa bolan gatnaşyklarynyň hasam berkidilmegine we ösdürilmegine ýardam bolar.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Fewral 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 1 2
16738279
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6481
15013
319352
292623
16738279

Siziň IP: 3.141.32.186
2025-02-22