BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň  Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni tarapyndan“ Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ” ýylynda    Türkmenistanyň  ýaragly Güýçleriniň Döredilmeginiň  ХХХIII ýyllygy hem-de   Watan goragçylarynyň  güni  mynasybetli  20910 harby bölüminde    harby gullukçylaryň arasynda “Watanymyzyň  asudalygy- halkymyzyň asudalygydyr!“ atly  çäre geçirildi.

     Harby gullukçylar öz  çykyşlarynda  Watana  guwanmak, ony söýüp gözüň göreji ýaly aýamak,  ata- babalarymyzyň  mukaddes topragy gorap, onuň kuwwatlanmagy, şöhratlanmagy ugrunda, beýik taryhy  ýoly  geçen halkymyzyň  ýeňil  bolmadyk synaglara döz gelip, özbaşdak  ýurt, döwlet bolmagyň arzuwynda ýaşaýanlygy  barada   goşgular okadylar. Hormatly Prezidentimize bolan uly buýsanjyny goşalandyrýar, ertelerimiziň eşrete beslenip, geljegine bolan sarsmaz ynamyny pugtalandyrýar. Durmuşa  geçirilýän döwletli işler  halkymyzyň ata pendi bilen ganyna, ene hüwdüsi bilen aňyna  berk ornan ene topragy, ata Watana wepalylyk, ygrarlylyk duýgusyny artdyrýar.

   Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly şygarynyň dabaralanmasyna öwrülen çäre  şanly ýylymyzyň şatlygyny has-da artdyrsyn.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17120525
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13235
13830
282109
419489
17120525

Siziň IP: 18.97.14.89
2025-03-18