Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatynyň geçiriljekdigi baradaky hoş habar ähli ildeşlerimizde çäksiz şatlyk döretdi. Bu ägirt uly wakanyň ýurdumyzda geçirilmegi häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň, halkara giňişlikde ykrar edilýän başlangyçlarynyň we Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
11-nji aprelde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň tertibi» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini görkezýär. Bu çözgüt «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň möhüm halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Hazaryň türkmen kenaryndaky syýahatçylyk merjeni özüniň ajaýyp tebigaty, döwrebap infrastrukturasy we ýokary derejeli hyzmatlary bilen bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli şertleri üpjün edýär. Bu waka ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä ýaýratmak, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Türkmenistanyň medeni-taryhy gymmatlyklaryny görkezmek üçin ajaýyp pursat bolar. Şeýle hem bu maslahat deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüş meselelerine bagyşlanyp, olaryň ykdysady, durmuş we ekologiýa ugrundaky käbir meselelerine çözgüt tapmaga ýardam eder. Türkmenistanyň şeýle möhüm meseleler babatynda öňbaşçy ýurt hökmünde öz ornuny görkezmegi, elbetde, her bir raýatymyzyň ýüregine ýakym bilen ornaýar.
Eresh Orunow TGÝMJ ýerli wekili, Danew we Darganata sebitlerinde