BAŞ SAHYPA

Türkmen halkynyň toýlary goşa-goşadan gelýär. Ahalteke bedewiniň toýunyň toýlanýan günlerinde, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümininiň ADÝD boýunça bölümçesiniň  müdiri bilen  Ak bugdaý etrap wekili hem, Ak bugdaý etrabynyň 27-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Mekdep okuwçylary bilen bilelikde geçirilen wagyz-nesihat çäresi öziniň täsirligi bilen okuwçylarda  Bedewe bolan söýgi döretdi.

Bedewlerimiz baradaky pikirlerimizi lukmançylyk ylymy bilen baglanyşdyrsak:  adam atyň üstüne münende  ýurek-damar ulgamynyň  işini kadalaşdyrýar. Bedeniň kislorod üpjünçiligi gowylanýar. Bu bolsa ýürek-damar keseliniň öňüni alýar. Arassa howada atly gezelençden soň adamyň şähdi açylyp, ruhubelent bolýar.

Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň öz elleri bilen çeken suratlary hem ýaýbaňlandyryldy. Olaryň Behişdi bedewlere bolan buýsançlarynyň üstini ýetirdi.

Il – halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň  hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris. Bedew baradaky düşünje biziň durmuşymyzda düýpli orun alandyr.

Bedew---ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýçdir. Eziz Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar, bu eziz Watan bedew ruhy bilen beýik menzilleri eýeleýär.

Türkmen halkyny Beýik ösüşlere alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, Belent başlary aman bolsun.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116451
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13522
12654
352125
446852
18116451

Siziň IP: 216.73.216.19
2025-05-23