BAŞ SAHYPA

Häzirki Bagtyýarlyk döwrümizde giň köçeler gurlup halkymyza ullanmaga berilýär.Parahat köçelerimizde elmydamа asudalygyň höküm sürmegi üçin alada etmek,biziň jemgyýetimiziň öňündäki raýatlyk borjumyzdyr.Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň Sarahs etrap wekili şu aýdyň wezipelerden ugur alyp ösüp gelýän ýaş nesle köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini  düşündirmek,çagalaryň köpçülik ýerlerde tertip-düzgüni berjaý etmegi özleriniň endiklerine öwürmeklerini gazanmak maksatly örän derwaýys  işleri ýerine ýetirýärler.Häzirki döwürde ýollarda ulag serişdeleriniň köplügi,köçe –ýol hereketiniň düzgünleriniň talaba laýyk berjaý edilmegini talap edýär.Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde okuw-terbiýeçilik sapaklary   döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ,köçe –ýol  hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegi  wagyz etmek maksady bilen geçirilýär.

Bizi şeýle asuda Watanda ýaşamaga mümkinçilik döredýän Hormatly Arkadagymyzyň  we Arkadagly Serdarmyzyň janlary sag bolsun.Il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116486
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13557
12654
352160
446852
18116486

Siziň IP: 216.73.216.78
2025-05-23