Halkara ynsanperwer hukugyny uýgunlaşdyrmak maksatnamasy hereketde!
Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti (TGÝMJ) bilen bilelikde öz üstüne alan borçlaryna laýyklykda, halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny (HYH) giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumlaýyn maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Maksatnamalaýyn çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Milli Bilim instituty (TMBI) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli guralýan okuwlaryň maksatnamasynyň çäginde HYH-nyň binýatlaýyn esaslaryna bagyşlanan okuw sapaklary geçirilýär. HYH-na bagyşlanan okuw sapaklarynyň toplumy (Moduly) işlenip taýýarlanyldy, makyllanyldy we bellenen tertipde tassyklanyldy, şeýle-de çap edildi we TMBI-na berildi. Moduly orta umumybilim mekdepleriň mugallymlarynyň arasynda ýaýratmak meýilleşdirilýär. 2013-nji ýyldan başlap, HYH-yň esasy bölümleri orta bilim mekdeplerinde okadylýan jemgyýetçilik dersleriniň okuw maksatnamalaryna girizilendir. Modulyň ýazmaça beýany TGÝMJ-nyň web-saýtynda ýerleşdirildi.
11.06.2015 ý. TMBI-ynda Moduly yzygiderli ornaşdyrmagyk çäklerinde seminar okuwy geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň we etraplaryň bilim bölümleriniň işgärleri, jemgyýetçilik derslerinde sapak berýän mugallymlar gatnaşdylar. Amaly okuwyň meýilnamasyna Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işiniň binýatlaýyn ýörelgeleri we iş ugurlary, şeýle-de halkara ynsanperwer hukugynyň esasy kadalary bilen tanyşmak we olary öwrenmek meseleleri girizildi.
* * *
HYH-ny giňden wagyz etmek, ýaýratmak we uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleriň maksatnamasyna dürli ugurdaky diňleýjileriň gatnaşmagynda seminar sapaklaryny geçirmek işine giň gerim berilýär. 09.06.2015ý. şunuň ýaly amaly okuw harby bölümleriň birinde geçirildi. Oňa harby gullukçylaryň 60-dan gowragy gatnaşdy. TGÝMJ-niň işgärleriniň gurnamagynda geçirilen seminar sapagynda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn kadalaryny TGÝMJ-niň işi bilen baglylykda öwrenmek meselelerine garaldy. Gün tertibine girizilen möhüm ugurlaryň ýene-de biri neşe serişdeleriň ýaýradylmagynyň we peýdalanylmagynyň öňüni almak we garşy durmak meselesine bagyşlandy.
* * *
HYH-nyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri ilat köpçüliginde giňden wagyz etmekde we ýaýratmakda görkezme esbaplaryny peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen ýörite şu meselelere bagyşlanan diwarlyk suratlary alyndy. Olary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky düzümlerinde, harby bölümlerde we okuw edaralarynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.