Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem halkara derejesinde özüniň döredilen gününiň 99-ýyllygynyň buýsanjyny, begenjini paýlaşdy. Halkymyza ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen ýardam elini uzadýan Milli jemgyýetiň bu güne çenli ýetilen sepgitleri, üstünlikleri, gazanylan gowy netijeleri bilen bir-birege mähirli gutlaglar aýdyldy. Yhlas etseň ekilen baglaryň wagty gelende bereketli miwesini berşi ýaly Milli Jemgyýetiň zähmetsöýer işgärleri hem bu ajaýyp toýly günlerde meýilnamalaýyn başlan işleriniň gowy netijelerine gowuşýarlar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ABŞ-yň konsalting kompaniýasy bolan QED Group LLC ABŞ-yň ilçihanasy, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikdäki ylalaşygy esasynda ýurdumyzda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň, meýletinçileriniň we höwesjeň ýaşlaryň, ylaýta-da mekdep ýaş aýratynlygy bolan okuwçylara iňlis dili ugry boýunça bilimini kämilleşdirmek üçin maksatnama amala aşyryldy. Muňa baglylykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, köp taraply ynsanperwer iş ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen, welaýatyň çäginde ýaşaýan we okap terbiýe alýan ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, welaýat bölümiň okuw otagynda iňlis dilini çuňňur öwrenmäge höwesjeň ýaşlarmyz üçin tapgyrlaýyn 9 aý möhletli tölegsiz iňlis dili okuwlaryny geçirdi. Işine ussat mugallymlaryň alyp barmagynda geçirlen okuwa okuwçy ýaşlarymyz yzygider, höwes bilen gatnaşdylar. Iňlis dili boýunça bilimini artdyryp, okuwlary üstünlikli tamamlan ýaşlarymyza, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan iňlis dilini öwrenendigi baradaky ýörite güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle ynsanperwer işleriň geçirilmegine okuwçy ýaşlarymyz bilen bir hatarda olaryň ene-atalary hem özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmeklige, bu ugurda ýaşlarymyzyň halkara dillerde rahatlyk bilen aragatnaşyk saklap bilmekde kämilleşmekleri üçin şeýle ynsanperwer işleriň dowam etmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýar.