ORTA MEKDEPLER ÜÇIN HALKARA YNSANPERWERLIK HUKUGY BOÝUNÇA MODUL
Tema: Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleri. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň Esas goýujy ýörelgeleri. Nyşanlar.
Maksady:
Okuw maslahatynda mugallymlary Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleri, Gyzyl Haçyň Halkara Hereketiniň, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara Federasiýasynyň, Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň işi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik işi, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň taryhy bilen tanyşdyrmak.
Wezipeleri:
1. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada maglumat bermek.
2. Mugallymlary Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň Esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak.
3. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we onuň maksatnamalaýyn işi, Hereketiň düzüm birlikleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar bilen mugallymlaryň habarlylygyny ýokarlandyrmak.
4. Gatnaşyjylary Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary, “Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryny goramak we peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşdyrmak.
5. Taryh, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary dersleri okadylanda okuwçylara Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryny öwretmegiň usulyýeti bilen Mekdep mugallymlaryny tanyşdyrmak.
6.Taryh, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary derslerinde okuwçylara hukuk bilimlerini we terbiýesini bermek, olarda ynsanperwerlik we umumadamzat gymmatlyklaryna uýmak ýörelgelerini kemala getirmek.
7. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde okuwçylara hassa hemaýat bermek we onuň halyny soramak edebini hem medeniyetini terbiýelemegiň usulyýeti bilen tanyşdyrmak.
8. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde halkyň medeni mirasy, maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda şahsyýetiň ynsanperwerlik dünýägaraýşyny ösdürmek we kämilleşdirmek.
Maksatlaýyn topar: orta mekdepleriň mugallymlary
Usullar: Kompýuter we interaktiw tagta arkaly tanyşdyryş.
Garaşylýan netijeler: Mugallymlar Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiň düzümleri, ynsanperwerlik Hereketiniň düzüm böleklerinden her biriniň işiniň ugurlary hakynda, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň dörediliş taryhy, olaryň dogry peýdalanylyşy we synpdan we sapakdan daşary işlerde okuwçylara TGÝMJ-niň işi barada gürrüň berip bilerler we okuwçylarda ynsanperwerlik hukugy boýunça zerur başarnyklary kemala getirmegiň usulyýetini ele alarlar.
Sapagyň meýilnamasy:
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň döreýşi.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň düzüm birlikleri.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik
işi.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň esas goýujy ýörelgeleri.
Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary.
Wagty: 6 sagat.
Sapak. Giriş.
Mugallym sapagyň temasyny, onuň maksadyny yglan edýär. Mugallym Hereketiň her bir düzüm birliginiň aýratynlyklaryny we döwletiň Hereketdäki ähmiýetini mahabatlandyrýar. Okuwçylara her biriniň düzüm birliginiň öz mandatynyň bardygy we beýlekiniň işini gaýtalamaýandygy düşündirilmelidir. Hereketiň işiniň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm kararlaryň kabul edilmeginde döwletiň ornunyň we borçnamalarynyň hem görkezilmegi möhümdir.
1-nji tema: Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň
döreýşi
Mugallym bu temany Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň döreýiş taryhyndan başlaýar.
Žan Anri Dýunan 1828-nji ýylyň 8-nji maýynda Ženewada doguldy. Onuň dine ynanýan ata-enesi ogullaryna çagalykdan diňe bir telekeçilik düşbüligini däl, eýsem ynsanperwerligi, rehimdarlygy, haýyr işi etmäge höwesekliligi hem öwretmäge çalşypdyrlar.
A. Dýunan Alžirde telekeçilik bilen meşgullanypdyr hem-de özüniň çözmeli meselelerini sazlamak üçin Fransiýanyň imperatory bilen duşuşmaga Pariže gidipdir. Ýöne Napoleon şol wagt Awstriýa goşunlarynyň çozuşyny italiýaly soýuzdaşlary bilen yza serpikdirmäge taýýarlyk görmek üçin Fransuz goşunyna ýolbaşçylyk etmek bilen Italiýada eken. Onsoň Dýunan Italiýa gidipdir.
Italiýada Dýunan XIX asyryň iň ýowuz we gan döküşikli uruşlarynyň biri bolan Solferinonyň ýanyndaky urşuň, (1859-njy ýylyň 24-nji iýuny) gözüniň öňünde bolup geçen örän aýylganç wakanyň şaýady bolupdyr. Ýaralardan we ýokanç kesellerden ölýän, çekip bolmajak hasrata çydam edýän ýaralylary gorky, nebsiagyryjylyk gurşap alypdyr. Ýaralylaryň köpüsi kysmatyna kaýyl edilip taşlanypdyr, ähli ýerde gan sil deý akypdyr, ahy-nala, gargyş eşidilipdir. Eger wagtynda olara kömek berlen bolsa, ýüzlerçe ömri halas edip boljak eken. Bu söweşde öldürilenleriň we ýaralananlaryň sany 40 müňe ýetipdir.
Dýunan 1862-nji ýylyň oktýabrynda öz serişdeleriniň hasabyna “Solferino hakda ýatlama” atly kitabyny neşir etdirýär. Ol bu kitabynda: “Näme üçin Ýewropanyň dürli ýurtlarynda uruş dowam edýän wagtynda ýaralylara kömek berip biljek meýletin jemgyýetleri parahatçylykly wagtda döretmeli däl?” diýip anyk teklipler ýazypdyr. Şondan soň, A. Dýunan öz ömrüni Gyzyl Haç Hereketini we Halkara ynsanperwerlik hukugynyň esaslaryny döretmäge bagyşlapdyr we özüniň ideýalaryny durmuşa geçirmäge başlapdyr.
ВСТАВКА
Iki adat – Anri Dýunan we Giýom Anri Dýufur dagy ynsanperwerlik hukugynyň döremeginde uly hyzmaty ýerine ýetirdiler. Harby tejribeli akylgar general Dýufur 1864-nji ýylda geçirilen Diplomatik maslahatynyň dowamynda Dýunana ýardam bermäge işjen gatnaşypdyr. A. Dýunanyň welilik häsiýetli kitaby ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip ugran jemgyýetçilik aňyna uly täsirini ýetiripdir. A. Dýunanyň garaýyşlary hukukçy Gýustaw Muanýeni we Ženewanyň beýleki meşhur raýatlaryny ruhlandyrypdyr, olar onuň ideýalaryny durmuşa geçirmäge synanyşyk edipdirler. Şol maksat bilen: Dýunan, Muanýe, general Dýufur we lukmanlar Appiýa, hem-de Monuar dagydan ybarat bolan işçi topar döredilipdir.
1863-nji ýylyň fewralynda Ženewada ýaraly esgerlere kömek bermek boýunça Komitet guralypdyr. 1863-nji ýylyň fewralynda Komitetiň 1-nji mejlisi bolupdyr. Bu sene Наlkara Gyzyl Haçyň Komitetiniň – dünýäde iň baýry ynsanperwerlik guramasynyň dörän güni hasaplanýar.
1863-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Ženewada Halkara konferensiýa açylýar. Oňa 14 sany hökümetden wekilleriň 18-si gatnaşýar. Konferensiýa gatnaşyjylar “Her bir ýurtda ýaralylara kömek berýän meýletin komitetleri döretmeli” diýip Karar kabul edipdirler.
Uruş wagtynda uruşýan döwletler sanitar arabalaryna bitaraplygy yglan etmelidirler, kömek edýänlere el degrilmesizlik kepilligi girizilýär. Ýaragly çaknyşyklar wagtynda kömek berýänleri tapawutlandyrmak hem-de goramak üçin aýratyn nyşan - ýerligi ak düşekli gyzyl haç (bu teklibi öňe süren wekiliň ýurduna minnetdarlygyň nyşany hökmünde görnüşi üýtgedilen şweýsar baýdagy) kabul etmek teklip edilipdir)” diýen Karary kabul edipdirler. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi şeýle döräpdir.
Häzirki wagtda Ženewa konwensiýasyna 194 ýurt gatnaşypdyr. Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň 189 jemgyýeti bolsa adamlara kömek berýär.
A. Dýunanyň hereketi ähli dünýä boýunça her gün gaýtalanýar, ýigitler we gyzlar, erkek kişiler we aýal maşgalalar ejir çekýänleriň niredendigini, kime gulluk edýändigini soraman, olara diňe “Size kömek gerekmi?” diýen ýeke-täk sowal bilen ýüzlenip, olaryň öňünde baş egýärler.
Taryhy seneler:
8-nji maý – Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Bütindünýä güni. Bu baýramçylyk şweýsar ynsanperweri, Gyzyl Haçy esaslandyryjy Anri Dýunanyň hormatyna esaslandyryldy.
1901-nji ýylyň 10-njy dekabry - ýüz ýyl gowrak mundan ozal Norwegiýanyň Nobel komiteti ilkinji gezek parahatçylygyň Nobel baýragyny berdi. Bu baýragyň ilkinji eýesi Anri Dýunan boldy.
2-nji tema: Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň düzüm bölekleri.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň döreýiş taryhyna degişli slaýdlary we “Maksadyň taryhy” atly wideoroligi görkezmeli.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň düzüm bölekleri. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň gurluşy bilen baglanyşykly slaýdy görkezýär we şol boýunça Hereketiň her bir düzüm birliginiň maksadyny we işini düşündirýär.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi üç sany düzüm böleginden: Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyndan, Milli jemgyýetlerden ybaratdyr. Bu düzüm birlikleriniň her biriniň özüne mahsus işi bar. Olaryň her biriniň mandatyna we işine seredeliň:
I. Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti ähli Gyzyl Haç Hereketini esaslandyryjydyr we bu Hereketiň esasy düzüm birlikleriniň biridir. Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti tarap çalmaýan, bitarap we garaşsyz guramadyr, onuň ynsanperwer maksatlary we wezipeleri urşuň hem-de ýurduň içindäki zorlukly ýagdaýlaryň pidalarynyň ömrüni hem-de mertebesini goramakdan, olara kömek bermekden ybaratdyr.
Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti dawaly ýagdaýlarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Hereketiň durmuşa geçirýän işlerine ýolbaşçylyk edýär hem-de ony sazlaýar. Ynsanperwerlik hukugyny we köptaraply ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmek we berkitmek bilen, Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti adamyň ejir çekmeginiň öňüni almaga çalyşýar.
1863-nji ýylda esaslandyrylan Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň başlangyjydyr.Ol halkara jemgyýetçiliginden alnan aýratyn ygtyýarlyklara eýedir:
· Söweşýän taraplaryň arasynda bitarap araçy hökmünde çykyş edýär.
· Halkara ynsanperwerlik hukugyny wagyz edijidir we saklaýjydyr.
· Ýaragly dawalaryň, ýurduň içindäki içerki tertipsizlikleriň we zorlugyň pidalaryny goramaga we olara kömek bermäge çalyşýar.
Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň esasy iş ugurlary:
Gözleg boýunça merkezi agentligi;
Harby ýesirleri we beýleki azatlykdan mahrum edilenleri baryp görmek;
Çaknyşyklaryň pidalaryna kömek bermek boýunça.
Halkara ynsanperwerlik hukugy we Gyzyl Haç Halkara Hereketi baradaky bilimleri ýaýratmak;
II. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý (GH we GYAJHF) jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy Hereketiň ikinji düzüm birligi bolup durýar.
Halkara Federasiýanyň esasy maksady betbagtçylykly hadysalar we weýrançylyklar döwründe adamlaryň ejir çekmekleriniň öňüni almak we ýeňilleşdirmek üçin harby däl häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň pidalaryna kömek bermekdir.
Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden tapawutlylykda Halkara Federasiýa parahatçylykly döwürde iri tebigy we tehnogen weýrançylykly ýagdaýlarda, epidemiýalarda ýa-da, beýleki ýurtlaryň milli jemgyýetlerinden alnan ynsanperwerlik kömeginiň utgaşdyrylmagyny amala aşyryp, hereket edýär.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň işiniň esasy ugurlary:
Milli jemgyýetler üçin hemişelik aragatnaşyk edarasydyr we olara zerur bolan kömegi berýär.
Her bir ýurtda degişli şertlerde Milli jemgyýetiň döredilmegine hem-de olaryň ösmegine ýardam edýär.
Tebigy betbagtçylyklaryň we weýrançylyklaryň ähli pidalaryna kömek berýär hem-de Milli jemgyýetlere betbagtçylykly ýagdaýlarda işi taýýarlamaga kömek edýär.
1. Ilatyň saglygyny goramaga we durmuş üpjünçiligine gönükdirilen işde Milli jemgyýetleri höweslendirýär hem-de olaryň gatnaşmagyny utgaşdyrýar.
2. Milli jemgyýetlere öz hatarlaryna täze agzalary çekmäge we olara Hereketiň ýörelgelerini hem-de ideallaryny öwretmäge kömek edýär.
3. Gyzyl Haçyň Halkara Komitetine halkara ynsanperwerlik hukugy we Milli jemgyýetleriň arasynda esas goýujy ýörelgeleriň ýaýradylmagyna ýardam edýär.
III.Hereketiň esasy düzüm birlikleriniň biri Gyzyl Haçyň ya-da Gyzyl Ýarymaýyň Milli jemgyýetleridir
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň umumy maksady Ženewa Konwensiýalarynda beýan edilişi ýaly, ýaragly çaknyşyklaryň pidalaryna kömek bermek boýunça, şeýle hem tebigy betbagtçylyklarda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda asla tarap çalmazdan hereket edip, adamlaryň hasratynyň öňüni almak we ýeňilleşdirmek bolup durýar.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleri diňe öz ýurtlarynyň çäklerinde parahatçylyk döwründe hem-de ýaragly çaknyşyklar ýüze çykan halatlarynda hereket edýärler. Islendik Milli jemgyýetiň birinji derejeli wezipesi urşuň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň pidalaryna ynsanperwerlik kömegini bermekden, parahatçylykly döwürde bolsa olary taýýarlamakdan: meýletinçileri toplamakdan we okatmakdan, “aýratyn döwre” ammarlary taýýarlamakdan, dürli durmuş maksatnamalaryny düzmekden we durmuşa geçirmekden: ilatyň has hemaýata mätäç gatlaklaryna (köp çagaly, az üpjünçilikli maşgalalara, hossarsyz ýeke garrylara, ýetim çagalara, maýyplara) kömek bermekden ybaratdyr.
Hereketiň düzüm birlikleriniň özara aragatnaşygy Hereketiň Tertipnamasy we olaryň arasyndaky ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar.
3-nji tema. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň
(TGÝMJ) ynsanperwerlik işi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy maksatlary adamyň jebir çekmeginiň öňüni almak we ýeňletmekdir; adam ömrüni we saglygyny goramakdyr; milleti, teniniň reňki, jyns alamatlary, sosial gelip çykyşy, dini, dili, raýatlygy, syýasy garaýyşlary ýa-da haýsydyr başga alamatlary boýunça hiç hili kemsitmelere ýol bermezden, adamyň mertebesine hormat goýulmagyny üpjün etmekdir.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylyň martynda döredildi. 1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işi SSSR-iň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň bileleşiginiň düzüminde amala aşyryldy.
1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň işini Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrýan, Türkmenistanyň çägindäki ýeke-täk, jemgyýetçilik, özbaşdak gurama diýlip ykrar edildi.
1992-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan 1949-njy ýylyň Ženewa konwensiýalarynyň 4-sine we olara Goşmaça Teswirnamalara (1977-nji ýyl) goşuldy.
Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Hajyň Halkara Komiteti tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegi üçin hukuk esaslaryny döretdi. 1995-nji ýylda bolsa TGÝMJ Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Halkara Federasiýasynyň deňhukukly, 164-nji agzasy boldy.
Ženewa konwensiýalarynda oňa gatnaşyjy döwletleriň bu konwensiýalaryň tekstlerini ilatyň arasynda ýaýratmak barada borçnamalary öz üstlerine alýandyklary görkezilýär.
2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. TGÝMJ Türkmenistanyň çäginde Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryny peýdalanmak boýunça düzgünleri düşündirmek bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylmagynyň öňüni almak we ýol bermezlik meselelerinde ýardam berýär. “Tiz kömek” ulaglarynda öň peýdalanylan Gyzyl Haç belgisi Türkmenistanda kabul edilen saglygy goraýşyň nyşany bilen çalşyryldy.
2011-nji ýylyň awgustyndan başlap TGÝMJ-i Türkmenistanyň Adam hukulary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek toparynyň agzasydyr.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti öz döwletiniň işjeň kömekçisi bolup, Jemgyýetiň ynsanperwerlik işiniň esasynda ilata adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, Halkara Ynsanperwerlik hukugy hem-de Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri hakyndaky bilimleri ýaýratmak bolup durýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň esasy iş
ugurlary:
sanitar-aň-bilim işlerini geçirmek, ilatyň has goraga mätäç gatlagyny durmuş taýdan goldamak, dürli keselleriň, şol sanda inçekeseliň, neşekeşligiň hem-de WIÇ/SPID-iň öňüni almak arkaly ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda döwlet edaralaryna ýardam etmek;
· dürli ýagdaýlarda lukman gelýänçä ilkinji kömek bermek endiklerini öwretmek;
· ýaş nesli türkmen halkynyň gözbaşlaryny gadymdan alyp gaýdýan rehimlilik, duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek;
· ilata adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmek;
· jemgyýetçiligiň arasynda Halkara ynsanperwer hukugy hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň esasy ýörelgeleri hakynda bilimleri ýaýratmak;
· taryhyň pajygaly wakalary, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar netijesinde jyda düşen dogan-garyndaşlary gözläp tapmak bolup durýar.
·
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti baradaky wideoroligi görkezmeli.
4 – nji tema: Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara
Hereketiniň esas goýujy ýörelgeleri
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Hereketiniň düzüm birlikleri öz wezipelerini ýerine ýetirenlerinde bu Hereketiň:
- ynsanperwerlik;
- tarap çalmazlyk;
- bitaraplyk;
- garaşsyzlyk;
- meýletinlik;
- bitewilik;
- köptaraplylyk ýaly esas goýujy ýörelgelerinden goldanýarlar.
Hereketiň esas goýujy ýörelgeleri diňe 1965-nji ýylda Gyzyl Haçyň XX Halkara konferensiýasynda biragyzdan kabul edildi we 1986-njy ýylda Hereketiň Tertipnamasynyň giriş bölümine goşuldy.
Alyp baryjy slaýdlary görkezýär, esas goýujy ýörelgeleri beýan edýär, olary gysgaça häsiýetlendirýär (ýagny ol ýa-da beýleki ýörelgäniň nämäni aňladýandygy barada gürrüň berýär).
Olardan ilkinjisi we esasysy ynsanperwerlikdir, ol aýratyn orun eýeleýär, sebäbi Hereketiň öz manysy onuň aňladylmasydyr, galan ýörelgeler ondan gelip çykýar.
Ynsanperwerlik– Hereketiň adamlaryň ömrüni we saglygyny goramaga, adam şahsyýetine hormat goýulmagyny üpjün etmäge çagyrýandygyny aňladýar. Ol özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we halklaryň arasyndaky berk parahatçylygy gazanmaga ýardam edýär.
Ýörelgäniň esasy manysyny esasy üç sany wezipede: adamlaryň hasratynyň öňüni almakda we ýeňilleşdirmekde; adamlaryň ömrüni we saglygyny goramakda; şahsyýete we ynsan mertebesine hormaty üpjün etmekde beýan edip bolar.
Tarap çalmazlyk – bu ýörelge Hereketiň jynsy, dini, synp ýa-da syýasy ynanç alamatlary boýunça hiç bir tapawudy goýmaýandygyny aňladýar. Ol diňe adamlaryň hasratyny, ilkinji nobatda bolsa kömege has mätäçleriň hasratyny ýeňilleşdirmäge çalyşýar.
Bu ýörelgede üç ugur tapawutlanýar: hasrat çekýän adama kömek bermekde kemsitmä ýol bermezlik; tarap çalmazlyk – bu häsiýet kömek bermek bilen meşgullanýana ýüklenen häsiýetdir; deňlik ideýasy -- ilkinji nobatda aýratyn mätäçlere kömek bermek.
Bitaraplyk - ählumumy ynamy saklamak üçin Hereket dawalarda hiç bir tarapyňky bolmaýar, hiç haçan syýasy, jyns, dini ýa-da ideologik häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.
Bu ýörelge 1864-nji ýylyň Ženewa konwensiýasyna gol çekilmegi bilen ýüze çykdy. Gyzyl Haçyň söweş meýdanyndaky bitaraplygy kem-kemden ählumumy ýörelge boldy, onuň berjaý edilmegi ähli ýagdaýlara degişlidir we berk berjaý edilmegi hökmanydyr. Bitaraplyk ýörelgesi ähli taraplaryň ynamyny saklamaga, adatdan daşary ýagdaýlarda pidalara kömek bermek üçin başga hiç bir gurama barmaga ygtyýary bolmanda hereket etmäge mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlyk - Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler öz hökümetlerine olaryň ynsanperwerlik işinde kömek bermek we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, şol bir wagtda Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda hereket etmäge mümkinçilik almaga hemişe awtonomiýany (öz-özüni dolandyrmagy) saklamalydyrlar.
Bu ýörelge ynsanperwerlik işine, ynsanperwerlik başlangyçlaryna bolan hukuga degişli kararlary kabul etmekde garaşsyzlygy aňladýar. Milli jemgyýetiň döwlet derejesinde ykrar edilmegi ynsanperwerlik işini giňeltmäge hem-de bu babatda ýaşlaryň işjeňligini ösdürmäge we meýletinçileri çekmäge mümkinçilik berýär.
Meýletinlik - bu ýörelge haýsydyr bir bähbit bolmadyk halatynda ynsanperwerlik kömeginiň ak göwünli erk bilen berilmegini aňladýar.
Dýunan Solferinoda söweş meýdanynda ýaralylaryň örän köp sanlysyny görüp, meýletinlik esasynda ýerli ýaşaýjylary kömek bermäge çekipdir. Hereket öz işini adamlaryň iň gowy duýgularyna ýüzlenip we olarda rehimi oýaryp amala aşyrýar.
Meýletinlik ýörelgesi bu işiň telekeçilik esasynda peýda görmek işine amala aşyrylmaly däldigini ýatladýar. Ýöne munuň özi ynsanperwerlik işi üçin serişdeleri ýygnamak boýunça çäreleri – haýyr-sahawat ýarmarkalaryny, konsertleri, lotoreýalary geçirmegi aradan aýyrmaýar.
Bitewilik - ýurtda Gyzyl Haçyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir Milli jemgyýeti bolmalydyr. OI hemmeler üçin açyk we özüniň ynsanperwerlik işini ýurduň ähli ýerinde amala aşyrýar.
Milli derejede bitewilik ýörelgesiniň berjaý edilmegi, Milli jemgyýete adatdan daşary ýagdaýlarda ýa-da tebigy betbagtçylyklarda aýratyn möhüm bolan maksada gönükdirilip, netijeli hereket etmäge mümkinçilik berýär. Diňe birleşdirilen tagallalar bilen islendik betbagtçylygy ýeňip geçip bolar.
Köptaraplyk - Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara Hereketi bütindünýä möçberlidir. Hereketiň çäklerinde Milli jemgyýetler deň hukuk derejesine eýedirler we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçilik çekýärler, deň borçnama alýarlar.
Köptaraplyk düşünjesi iki ideýany özüne birleşdirýär: kömek kim oňa mätäç bolsa, şolara elýeterli bolmalydyr hem-de Hereketiň işi ähli ýurtlara ýaýramalydyr. Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Haçyň borjy kimdigine garamazdan, adamlara kömege barmakdan we olary goramakdan ybaratdyr.
Esas goýujy ýörelgeler – munuň özi iň çylşyrymly ýagdaýlarda goldanylmaly bolan, gündelik işde ýüze çykýan kadalaryň özboluşly toplumydyr. Olaryň hemmesini bilelikde ýörelgeleriň hiç biri bozulmaz ýaly jemläp ulanmak gerek.
Ýedi sany esas goýujy ýörelgeler barada wideoroligi görkezmeli.
5-nji tema: Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlary
1864-nji ýylyň 8-nji awgustynda bolan birinji Halkara maslahatlarda lukmançylyk gulluklarynyň ählumumy ykrar edilen nyşanyny kabul etmek zerurlygy baradaky çagyryş aýdyldy. Şweýsariýa döwletine hormat goýmak hem-de bu ýurduň döwlet baýdagyny peýdalanmak bilen, ýerligi ak gyzyl haç nyşanyny şekillendirmek teklip edildi we bu teklip kabul edildi.
Şweýsar baýdagy, ak haç. Ak düşekli gyzyl haç –
lukmançylyk gulluklarynyň
nyşany.
Gyzyl Ýarymaýyň nyşany ilkinji gezek Osman imperiýasy (Türkiýe) tarapyndan peýdalanyldy.
Rus-türk urşy wagtynda (1876-1878 ý. ý.) Türkiýe döwleti Gyzyl Haç nyşanyny ulanmakdan boýun gaçyrýar, sebäbi, olaryň pikiriçe, bu nyşanyň dini ähmiýeti bar. Şol sebäpli olar Gyzyl Ýarymaý nyşanyny ulanýarlar. Gyzyl Ýarymaý ikinji gorag nyşany hökmünde 1929-njy ýylda ykrar edilýär.
2005-nji ýylyň dekabrynda täze nyşany – Gyzyl Kristaly ykrar etmek hakynda goşmaça Üçünji protokoly kabul eden Diplomatik konferensiýa boldy.
2007-nji ýylda Üçünji Goşmaça Protokol güýje girdi. Ol täze goşmaça nyşany – ýerligi ak Gyzyl Kristaly kesgitledi.
Türkmenistan Ženewa konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, nyşanlaryň dogry ulanylmagyna gyzyklanma bildirýär. 2001-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanda „Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” Kanun kabul edildi, ol Türkmenistanyň çäginde nyşanlary peýdalanmagyň düzgünlerini belleýär.
Kanuna laýyklykda:
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň lukmançylyk düzümleri Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny parahatçylykly we harby hereketler döwürde ulanýarlar;
- raýat lukmançylyk işgärleri harby hereketler döwürde Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny ulanýarlar;
- TGÝMJ-i Gyzyl Ýarymaýyň nyşanyny tapawutlandyryjy we gorag nyşanlary hökmünde parahatçylyk we harby hereketler döwürlerinde ulanýar;
Ženewa konwensiýalary we olara Goşmaça teswirnamalar bilen rugsat edilmedik nyşanlaryň peýdalanylmagy bikanundyr.
Ženewa konwensiýalaryna we olaryň Goşmaça teswirnamalaryna gatnaşýan döwletleriň üstüne nyşanlaryň bikanun peýdalanylmagynyň öňüni almak we oňa ýol bermezlik üçin zerur çäreleri görmek borjy ýüklenendir.
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 225-nji maddasynda Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň bikanun peýdalanylandygy üçin jerime görnüşinde ýa-da düzediş işleri görnüşinde jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulandyr.
Nyşanlary bikanun peýdalanmagyň adaty mysallary.
Imitasiýa -- nyşanlary ýalňyşlyk bilen Gyzyl Haçyň, Gyzyl Ýarymaýyň ýa-da Gyzyl Kristalyň nyşany hökmünde peýdalanmak (mysal üçin, reňkleriniň, şekiliniň meňzeşligi üçin).
Gyzyl Haçyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlarynyň oňa hukugy bolmadyk guramalar ýa-da adamlar (telekeçilik firmalary, hökümete degişli bolmadyk guramalar, şahsy iş bilen meşgullanýan aýry-aýry adamlar, lukmanlar, dermanhanalar we ş. m.) tarapyndan peýdalanylmagy. Nyşanlary telekeçilik maksady bilen peýdalanmak gadagan.
Haýynlyk bilen peýdalanmak: harby döwürde ýaragly kombatantlary ýa-da harby tehnikalary goramak, mysal üçin, ýüzüne nyşan şekillendirilen sanitar ulaglar ýa-da dikuçarlar ýaragly kombatantlary daşaýarlar, gyzyl haçly baýdak ýaragly ammarlary ýaşyrmak üçin peýdalanylýar. Nyşanlaryň şeýle bikanun peýdalanmaklygyna harby jenaýat hökmünde garalýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlarynyň peýdalanyş kadalarynyň berjaý edilmegine jogapkärdir. Ine, şonuň üçin jemgyýetiň işgärleri we meýletinçileri nyşanlaryň peýdalanylyşynyň bozulmalaryny ýüze çykarmak maksady bilen reýdleri geçirýärler hem-de ýüze çykarylan bozulmalary düzetmek üçin çäreleri görýärler.
“Nyşan” oýny.
Deslapdan Gyzyl Haçyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň işine degişli suratlar taýýarlanylýar (suratlary žurnallardan we ş. m. gyrkyp alyp bolar). Şonuň ýaly-da Milli jemgyýetleriň, Gyzyl Haçyň Halkara Komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň ýazgylary bilen üç kagyz taýýarlanýar.
Hereket hakda düşündirlenden soň, oýna gatnaşyjylar 3—4 topara bölünýär, soňra her topara ýazgyly kagyzlar we suratlar paýlanýar.
Toparlaryň wezipesi: berlen suratyň şol ýazgylaryň haýsysyna degişlidigini kesgitlemeli (ähli toparlara suratlary deň möçberde paýlamaly, ol 10—15 surat bolup biler).
Berilýän wagt: 5 minut.
Ýeňiji: Haýsy toparyň dogry jogaby köp bolsa, şol topar ýeňiji hasaplanýar.
“Kim çakgan?” oýny.
Maslahata gatnaşyjylar birnäçe topara bölünýärler, olar deslapdan taýýarlanylan şekil bölejiklerinden Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň şekilini ýygnamaly. Haýsy topar iki sany şekili çalt ýygnap taýýarlasa, şol ýeňiji hasaplanýar.
Duşuşygyň ahyrynda mugallym Milli jemgyýetiň, Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň, Gyzyl Haçyň we Gyzyl Ýarymaýyň Halkara Federasiýasynyň işi baradaky bukletleri, broşýuralary we beýleki çap edilen serişdeleri paýlap biler.
Ynsanperwerlik hukugy boýunça module degişli materiallary interaktiw sapaklarda ulanmak üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň : www.tgymj.gov.tm saýtyndan alyp bilersiňiz
ORTA MEKDEPLER ÜÇIN HALKARA YNSANPERWERLIK HUKUGY BOÝUNÇA MODUL.docx