2025-nji ýylyň aprel aýynda Sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan aýlygyň çäklerinde “Alada” ýaşlar merkeziniň meÿletinçileri bilen “Mert” alpklubynyň agzalarynyñ arasynda stol tennisi boýunça dostlukly duşuşyk geçirildi.
Çäre ýyly we dostlukly ýagdaýda geçdi. Meÿletinçiler stol tennisi boýunça öz güýjüni synap görmek bilen bir hatarda, klubyň baş tälimçisi Mämedow Begenjiň ýolbaşçylygynda peýdaly endikleri hem ele aldylar. Tälimçi tũrgenleşik sapagyny geçirip, oýnuň inçe tilsimlerini paýlaşdy.
Bu oýun diňe bir sport çäresi bolman, eýsem gatnaşyjylar üçin gatnaşygy güýçlendirmekde, täze dostlary tapmakda we sagdyn, işjeň durmuş ýörelgesine höwes döretmekde ajaýyp mümkinçilik boldy. Çāre gatnaşyjylarda oňat täsir galdyryp, täze tanyşlyklary we güýçli ruhy ýagdaýy peşgeş berdi.