BAŞ SAHYPA

Çagalaryň oňat dynç almagy, wagytlaryny şadyýan geçirmekligi, birek – birek bilen dostlaşmagy, dürli ugurlardan öz ukybyny, zehinini artdyrmagy üçin ähli amatlyklar döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň “Ynsan saglygy, bahasyz gymmatlykdyr” diýen dana sözlerinden ugur alyp Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi, Ahal welaýat Polisiýa Müdirliginiň polisiýa ýol gözegçilik bölümi bilen bilelikde, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Çagalar biziň gelejegimizdir diýip bellemegi bilen, olaryň wagtynyň gyzykly, täsirli geçmegi hem peýdaly guralmagy barada öňde goýýan wezipelerine jogap edip, Ahal welaýat derejesinde geçirilen ,,Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri” ady bilen sportuň tigir sürmek, nyzama durmak,Ýol hadysasynda gabat gelýän heläkçilige uçran adamlara “Lukmandan deslapky ilkinji kömek” bermekligiň kadalaryny, gan akmalar, şikeslenmeler, ýanyklar we huşsyz ýagdaýynda ilkinji kömek bermegiň endikleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

      Bäsleşigiň netijesinde Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň ýörüteleşdirilen mekdebiniň başarnykly ýaş gözegçileri Baş baýraga mynasyp boldular. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň ýaş gösegçileri 1-nji orna, Sarahs etrabynyň  okuwçylary  II-nji orna, Ak bugdaý etrabynyň mekdep okuwçylary III-nji orna mynasyp boldular. Taýýarlanan Baş bayraklar we hormat hatlar gowşuryldy. Ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň ajaýyp mekanyna öwren Arkadagly Serdar Prezidentimize mundan beýläk-de janynyň sag, tutýan il-ýurt bähbitli  işleriniň rowaç bolmagyny  arzuw edýäris.

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18116310
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
13381
12654
351984
446852
18116310

Siziň IP: 216.73.216.64
2025-05-23