BAŞ SAHYPA

Taslamanyň çäginde inçekeselli näsaglaryň goldaýjy döwründe bejergi alýan näsaglaryň   we olaryň garyndaşlary üçin meýilleşdirilen “Näsagyň mekdebi” atly okuw kursy geçirildi. Sapagyň dowamynda taslamanyň hünärmenleri keseliň  ýokançlydygy we onuň  bejergisi   barada jikme-jik aýdyp berdiler. Inçekesele garşy dermanlary dogry kabul  etmek. Dermanlaryň zyýanly täsirleriniň üstünde durup  geçdiler. Okuw kursynyň  dowamynda  tomus aýlary  howanyň tempraturasynyň ýokary bolmagy  bilen bagly yssy howada özüňi  alyp  barmagyň düzgünleri  bilen   birnaçe maslahatlar berildi.

 

TGÝMJ-niň hünärmenleriniň  näsaglara älyp  barýan ruhy durmuş goldawy   kömeginiň  wajypdygy  näsaglaryň we  hossarlary  tarapyndan belläp öz  minnetdarlygyny bildirdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyun 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 31 1
2 3 4 5 6 7 8
9 10 11 12 13 14 15
16 17 18 19 20 21 22
23 24 25 26 27 28 29
30 1 2 3 4 5 6
18252551
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2191
14709
2191
486034
18252551

Siziň IP: 216.73.216.226
2025-06-01