BAŞ SAHYPA

2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara ynsanperwerlik hukugy – parahatçylygyň goragy” atly çäre geçirildi.  Bu çäräniň bu senede geçirilmegi Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň güni we onuň esaslandyryjysy Anri Dýunanyň doglan güni bilen bagly boldy. Çärä institutda bilim alýan talyplar hem-de magistrantlar gatnaşdy.

Çäräniň maksady – talyp ýaşlaryň halkara ynsanperwerlik hukugy baradaky düşünjelerini giňeltmek, bu ugurda alnyp barylýan halkara tagallalaryň ähmiýeti barada maglumat bermek, şeýle hem parahatçylygy we ynsanperwerlik diplomatiýasyny wagyz etmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler halkara ynsanperwerlik hukugynyň taryhy ösüşi, onuň halkara gatnaşyklaryndaky orny, häzirki zaman dünýä syýasatynda bu hukugyň ähmiýeti hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketiniň ýedi ýörelgesi barada giňişleýin maglumat berdiler. Çäräniň dowamynda Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýanyň wekiliniň onlaýn görnüşinde gatnaşmagy we onuň ynsanperwerlik diplomatiýasy barada beren gyzykly gürrüňleri gatnaşyjylarda örän gyzykly täsir galdyrdy.

Çäräniň dowamynda talyplar we magistrantlar üçin gyzykly soraglar we oýunlar gurnaldy. Bu bolsa çärä gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.  Şeýle çäreler ýaşlaryň halkara hukuk ulgamyndaky düşünjelerini has-da çuňlaşdyrmaga hem-de olary tejribeli diplomatik kadalara öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Çäre gatnaşyjylaryň arasynda gyzykly pikir alyşmalar bilen dowam etdi we ýaşlaryň bu ugurdaky işjeňligi ýokary baha mynasyp boldy.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18233446
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
12752
16153
469120
446852
18233446

Siziň IP: 216.73.216.218
2025-05-30