BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň gurnamagynda jemgyýetiň esas goýujy ýörelgelerinden ugur alyp şahamçanyň meýletinçileriniň we edara-kärhanalaryň işgarleriniň arasynda  “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň 99 ýyllygyny dabaraly  bellemek  we TGÝMJ –niň abraýyny  ýokarlandyrmak, ýylyň dowamynda meýletinçileriň eden ynsanperwerlik işlerine syn bermek” ady bilen dabaraly ýygnak geçirildi. Ýygnagyň dowamynda  etrap hakimliginden, orta  we sport mekdeplerinden ýygnaga gatnaşan myhmanlara, meýletinçilere Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiň alyp barýan ynsanperwerlik işlerinde özlerin-de galdyran tasirlerini, ýürek buýsançlaryny aýtmak üçin uly hormat bilen söz berildi. Çykyş edenler: Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwer hereketleri, Adatdan daşary ýagdaýlarda, lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endiklerini owrenmek meýletinçilerde işlemäge, okamaga has-da höwesini artdyýar diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan bu ägirt uly işler geljekde meýletinçileriň we okuwçylaryň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň işine ýardam bermeklerine we meýletinçi bolmaklyga höwes döreder diýip  aýtdylar. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasy tarapyndan  geçirilen çärelere we ynsanperwerlik işlerine  syn berilip, işjeň gatnaşan 20 (ýigrimi) sany meýletinçilere  şatlyk paỳlamak, gőwünlerini galkyndyrmak maksatly Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrap şahamçasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy. Hormat hatlaryny we ýadygärlik sowgatlaryny alan meýletinçi: Hudaýberdiýewa Aýsoltan öz ýürek buýsanjyny goşgy setirleriniň usti bilen beýan etdi.

 


Gyzyl Ýarymaýym ýaşa sen  ýaşa

 

Gyzyl Ýarymaýym goldaw berýär adama,

Ýagşylygyň alamatyn aňlap dur.

Ýagşy niýet köňli arassa adam,

Meýletinlik bilen ony goldap dur.

 

Jemgyýetim sapak bolup ynsana,

 Görelde görkezýär bütin ilime.

Döwrüň Bitaraplyk yolun ýöredýän,

Ynsanyň kalbynda söýgi döredýäň.

 

 

 

Ynsanperwer yoly bilen barýarys arşa,

 Geljegimiz nurlanýar, alýarys sylag-sarpa.

 Meýletinler Sizi alkyşlap ýürekler joşa,

Gyzyl Ýarymaýym ýaşa sen ýaşa.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17558235
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10375
19579
240761
479058
17558235

Siziň IP: 3.14.142.17
2025-04-16