BAŞ SAHYPA

24-nji martda Türkmenistanda Bütindünýä Inçekesele garşy göreş  güni bilen baglanyşykly çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň (TGÝMJ) meýletinçileri inçekeseli öz wagtynda anyklamagyň we bejermegiň wajypdygyny aýdyň görkezýän birnäçe sorag-jogaplar we teatr sahnalaryny gurnadylar. Meýletinçiler keseliň alamatlary, bu keseliň öňüni almak we öz wagtynda anyklamak barada köpçüligiň düşünjesini artdyrmak boýunça  gürrüň etdiler. Sagdyn ýaşaýşyň we immuniteti berkitmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle çäreler raýatlaryň öz saglygyna jogapkärli garamagyna ýardam edýär we ýokanç kesellere garşy göreşmekde döwletiň edýän tagallalaryny goldaýar.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17558471
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10611
19579
240997
479058
17558471

Siziň IP: 13.58.169.239
2025-04-16