Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Watanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýär. Parahatçylygyň näderejede gymmatlydygyny bu günki gün Ýer ýüzünde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar äşgär edýär. Parahatçylyk düşünjesi diňe halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda şöhlelenmän, eýsem ol adamlaryň özara gatnaşyklarynda, hatda adamyň içki dünýäsiniň rahatlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Birek-birege ynanyşmak, hoşniýetlik dostluk ýaly ýörelgelere esaslanýan netijeli diplomatik gatnaşyklar dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň ýaýylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, şükranalyk duýgusyny ösdürmek, tebigat bilen ýakyn gatnaşykda bolmak we daş-töweregimizi gurşap alýan janly-jandarlaryň ählisine söýgi bilen garamak ynsanyň ruhy dünýäsinde rahatlygyň kemala gelmegine itergi berýär.Uly işleriň ilkinji ädimlerden başlanyşy ýaly, parahatçylyk diýen uly taglymatyň dünýä ýaýylmagyna goşant goşmak üçin her birimiziň rahatlygy gazanmagymyz, ruhy taýdan kämilleşmegimiz gerek. Bizi Baky Bitarap, owadan ýurdumyzda ýaşamana, okamana, işlemäne, döretmäne uly mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza näçe alkyş aýtsaňda az.
TGÝMJ-niň döredilen gününiň 99-ýyllygy mynasybetli ähli kärdeşlerimi gyzgyn gutlaýaryň gutlaýaryn.
Halkymyzyň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän bizi şeýle bagtly, ajap döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.