BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Halkara ynsanperwer hukugynyň (HYH) Türkmenistanda ornaşdyrylmagy babatyndaky 2024-2026-njy ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Goranmak ministirligi bilen bilelikde “Halkara ynsanperwerlik hukugy” barada bilimleri ýaýratmak boýunça meýilnamasynyň esasynda  2025-nji ýylyň mart aýynyň 17-ne   Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň Raýat goranyş müdirliginiň okuw merkeziniň esgerleriniň arasynda   Türkmenistanyň Gyzyl  Ýarymaý  Milli  jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri  tarapyndan Arkadagly Serdar Prezidentimiziň ýurt bähbitli maksatnamalary barada “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi  geçirildi.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada, Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň Esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti  we onuň maksatnamalaýyn işi, Hereketiň düzüm birlikleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar barada gürrüň berdiler.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17558436
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10576
19579
240962
479058
17558436

Siziň IP: 3.143.254.120
2025-04-16