BAŞ SAHYPA

Milli Nowruz baýramy mynasybetli  Daşoguz welaýatynyň Türkmeniň ak öýi binasynyň öňünde baýramçylyk dabarasy  geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalary aýratyn hem TGÝMJ-niň DWB-niň hünärmenleri  aýratynlykda işjeň gatnaşdy. Adamzadyň ruhy medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolan Halkara Nowruz güni Arkadagly ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň her biriniň ýüzünde gülki alamatlary bilen, ýüreklerinde bolsa bahara  bolan mähirli söýgüsi bilen kalplarynda heýjanelek-heýjanalek diýip seslenýär. Özüniň dostluk, doganlyk hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly  ajaýyp häsiýetleri bilen ýüreklerde aýratyn orun alan bu baýramçylyk mähriban halkymyzyň kalbynda baky söýgüsine eýedir.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17558536
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10676
19579
241062
479058
17558536

Siziň IP: 3.22.117.210
2025-04-16