2025-nji ýylyň mart aỳynyñ 18-ne Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniñ Balkan welaýat bölümi we Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçiligi bölümi bilen bilelikde ýokary synp okuwçylarynyñ, mugallymlarynyñ we „Ýaş ýol gözegçilik toparynyň“ agzalarynyň gatnaşmagynda „lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek“ boýunça okuw çäresi geçirildi. Gatnaşyjylara ilki bilen durmuşda has köp duş gelýän dem alyş ýollarynyň tutulmagy, huşundan gideni dikeldiş ýagdaýyna getirilmegi we ýürege göni däl basmalary gökezildi. Ýaşlar görkezmeleriň dowamynda işjeñ gatnaşyp, sorag-jogap alyşyp gazanan bilimlerini pugtalandyrdylar. Çäräniň soňunda şular ýaly duşuşyklary geçirmäge we bilimleri artdyryp, ýaş nesillerimiziň aň-düşünjelerini giňeltmek babatynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyklaryny bildirdiler.