Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölümine degisli bolan “Milli jemgyýetiň ynsanperwerlik işinde kömekçi wezipesini goldamak” taslamasynyň çäginde 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň 18938 we 48908 belgili harby bölümlerinde esgerleriň we işçileriň arasynda TGÝMJ-niň merkezi edarasynyň işgärleri tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bilen baglanyşykly hem-de “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärede ýurdumyzyň halkara syýasaty hem-de Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary barada gürrüň berildi. Halkara ynsanperwer hukugynyň we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň taryhy baradaky gürrüňler ýaş esgerleriň we diňleýjileriň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Çykyşyň soňunda harby bölümleriň ýolbaşçylary tarapyndan hoşallyklar bildirildi.