Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr!» ýörelgeleriniň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýarlygy hakyndaky çuňňur alada ýatyr. Bu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde raýatlaryň saglygyny berkitmek ugrunda uly tutumlar durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan öňegidişlikler halkymyzyň sagdynlygyna we ruhy galkynyşyna berilýän ýokary ünsüň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegi, ildeşlerimiziň saglygy babatda uly aladalar edilýär.Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärrmneleri we Türkmenbaşy şäher şahamçasynyň ‘’Ýelken’’ ýaşlar merkeziniň meýletinçileri tarapyndan Türkmenbaşy şäheriniň №2,№8,№10,№14-nji mekdeplerinde sagdyn-durmuş ýörelgeleri boýunça interaktiw okuw sapaklaryny geçirdiler. Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle çäreleriň dabaralandyrylmagyna öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, döwrebap sport düzüminiň kemala gelendigi mümkinçilik berýär.
Diýarymyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işleriniň ählumumy häsiýete eýe bolmagy döwletiň we jemgyýetiň sazlaşygynyň birleşmeginiň netijesidir. Sebäbi raýatlarymyz sportuň saglyk üçin örän peýdalydygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçin hem Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, wagyz etmäge gönükdirilen ädimleri babatda görelde bolup durýar.Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn durmuşda,bagtyýarlykda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän bizi şeble ajap döwründe ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdaramyza alkyş sözleri aýdyldy.