Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen,täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar.Ol raýatlaryň goraglylygyny üpjün edýär.
Mary welaýat Raýat Goranyşy we Halas Ediş Işleri müdürliginiň Tagtabazar etrap halas ediş toparynyň hünärmenleri bilen bilelikde Tagtabazar etrabynda ýerleşýän 20-nji orta mekdebiň okuwcylarynyň arasynda “Adatdan daşary ýagdaýlarda özüni alyp barmaklygyň” düzgünleri we ynsanperwerlik hukugy barada düşünje we wagyz-nesihat işleri geçirildi.
Soňra okuwmyzyň dowamynda Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp baryş kadalary,ýangyn dörän halatynda onuň öňüni almak,taýýarlyk görmek we nähili hereket etmek barada gürrüň berildi.
Gyzyl Ýarymaý Milli jemguýeti ilatyň saglygyny goramak,ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik,duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler geçirýär.