08.04.2025 ý Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde TGÝMJ-niň BWB-niň işhärleri we meýletinçileri,Balkanabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň mugallymlary,okuwçylary,BW Raýat Goranyş we halas ediş toparynyň igärleri,’’Balkan’’ gazetiniň wekilleri,’’Western Atlas’’ kompaniýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda amaly okuw çäresi geçirildi.
Türkemenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemguýeti ilat arasynda köp taraplaýyn işleri alyp barýar.Esasy ugurlarynyň biri bolsa,adaty durmuşda,adatdan daşary ýagdaýlarda,tebigy betbagtçylyklarda heläkçilige uçranlarda ilkinji kömek bermekligiň endiklerini öwretmeklik boýunça ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar.Şeýlelik-de,aprel aýynda döwletimiz tarapyndan bellenilýän Saglyk aýynda heläkçilige düşenlere ömrüni halas etmek,ýagdaýlary erbetleşmez ýaly we saglyklaryny dikeltmek maksady bilen ilkinji kömek bermekligiň düzgünlerini öwretmek üçin okuw sapaklary geçirilýär.Ýylyň başyndan bäri şäherimiziň 15-nji mekdebinde okuw sapaklary gurnaldy,okuw sapaklarynda öwrenilenleri berkitmek üçin tälim-okuw çäresi gurnaldy.
Mekdep okuwçylary adatdan daşary ýagdaýlarda göçüriş(ewakuasiýa) meýdançasyna çykaryldy.Hasabat işleri geçirildi.Gatnaşyjylar we meýletinçiler birnäçe toparlara bölünip her topar bir ýagdaý boýunça ilkinji kömek bermekloigi köpçüligiň öňünde düşündirmek arkaly çykyş etdiler.Her ýagdaýdan soňra edilen kömek boýunça ara alyp maslahatlaşyp,seljerme geçirildi we hünärmenler tarapyndan maslahatlar berildi.