Ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän ,,Halkara çagalar güni” Sarahs etrabynyň merkezi seýilgähinde Sarahs etrap Bilim bölüminiň hem Sarahs etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda giňden bellenilip geçirildi.
Bu baýramçylyk dabarasy çagalar bagynyň körpe-çeleriniň hem-de Sarahs etrap ýetginçekler öýüniň nowçalarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. Çagalaryň çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň göwnüni has-da göterdi. Soňra çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çagalaryň alkyşlaryny beýan etdiler.