Halkara çagalar güni. çagalyga bagyşlanan iň meşhur we täsirli baýramçylyklaryň biri.
2025-nji ýylyň 30-njy maýy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri Aşgabat şäher çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalarayň ýanyna geldiler.
Aşgabadyň meýletinçileri, JAM döredijiliginiň dostlukly goldawy bilen gyzykly ýaryşlar, interaktiw oýunlar, dürli wiktorina oýunlaryny oýnatdylar. Çagalar üçin gyzykly programma taýýarladylar, bu çärelere diňe bir çagalar däl, eýsem ene-atalary hem gatnaşdy. Çäräniň ahyrynda ähli çagalar sowgatlary aldylar.
Baýram açyk reňkler, täsir galdyryjy pursatlar we ýatdan çykmajak duýgular bilen doldy.
Çagalarymyzyň çagalyk ýyllaryny nädip ýada saljakdygy biz, ululara bagly, sebäbi çagalar biziň kiçijik günlerimizdir. Çagalarymyzyň söýgi, ideg we elbetde parahatçylyk atmosferasynda ösmegi üçin şert döretmeli biz.
Hemme çagalara bagt we saglyk arzuw edýäris.