BAŞ SAHYPA

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri ýaşlara adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegi öwretmek we ilkinji kömek bermegiň esaslary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Görogly etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Lukmandan deslapky ilknji kömek bermek” mowzugy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy düşnükli we gyzykly görnüşde geçirildi. Okuwçylar  gan akmalarda, şikeslerde, ýanyklarda we zäherlenmelerde nähili ilkinji kömek berilmelidigini öwrendiler, şeýlede öz başarnyklaryny tejribede hem synap gördüler. Şeýle geçirilýän çäreler çagalaryň durmuşy üçin wajyp bolan endiklerini ösdürýär, özlerine we daş-töweregindäkilere ünsli bolmagy, jogapkärçiligi we duýgudaşlyk duýgularyny terbiýeleýär.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
17558254
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10394
19579
240780
479058
17558254

Siziň IP: 3.147.59.186
2025-04-16