Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Il saglygy ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlaryň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle, uly atalyk aladalara jogap edip biz hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň Türkmenbaşy etrap şahamçasynyň wekili, şahamçanyň meýletinçileri bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň 1-2-6-njy çagalar baglarynda, 1-2-3-18-nji orta mekdeplerde okuwçylaryň arasynda “Sport - saglygyň girewidir” ady bilen saglygy berkitmek, sagdyn iýmitlenmek, ertirki maşklary ýerine ýetirmek sport bilen meşgullanmak adam saglygyny berkitmek üçin gerekli maglumatlary bermek ugrunda dürli sport çärelerini geçirdiler. Ir säher bilen geçirilen bu çäreler çagalaryň ruhyny galkyndyrdy.