Balkan welaýatyna 19-20-nji martda taslamanyň utgaşdyryjysy we kömekçisi Türkmenbaşy şäherine we Balkanabat şäherine hem-de golaýdaky etraplaryna iş saparynda boldular. Maksatnama boýunça işleriň alynyp barlyşyna gözegçilik etmek. "Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasynyň AIDS-e, Inçekesele we Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global Gaznanyň goldawyndan çykmagy." taslamasynyň çäklerinde syrkawlar bilen özara gatnaşyga aýratyn üns berildi: öýde DDI nasaglar bilen duşuşyklar geçirildi, olaryň gaýragoýulmasyz meseleleri, bejeriş şertleri we psihososial kömegiň berilmegini gowulandyrmagyň mümkin ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa iş saparynyň netijeliligini artdyrmaga, kesele gözegçiligi gowulandyrmaga we inçekesele garşy göreşmekde ýüze çykýan meselelere seredilmegine ýardam eder.