BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň Görogly etrap wekili tarapyndan 2025-nji ýylyň 19-njy martynda etrabyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýokanç we ýokanç däl keseller barada maglumat beriji sapagy geçirildi. Etrap wekili okuwçylara dürli keseller, olaryň alamatlary we öňüni alyş çäreleri barada düşnükli we täsirli maglumatlar berdi. Sapak interaktiw görnüşde geçirilip, okuwçylar diňlemek bilen çäklenmän, pikir alyşdylar, sorag-jogap alyşdylar.Şeýle usul okuwçylara saglygyna üns bermegiň möhümdigini düşündirmekde kömek etdi. Bu sapak diňe bir peýdaly maglumat bermek bilen çäklenmän, eýsem okuwçylarda ýatdan çykmajak  täsir galdyrdy we olara saglyk baradaky bilimlerini artdyrmaga itergi berdi.

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17233292
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8063
12895
394876
419489
17233292

Siziň IP: 18.220.210.111
2025-03-26