BAŞ SAHYPA

TGÝMJ-niň “Inçekeselli näsagalara edilýän durmuş üpjünçilik goldaw tapgyrynyň paýlanylmagyny dolandyrmak” taslamasynyň utgaşdyryjysy we utgaşdyryjynyň kömekçisi 2025-nji ýylyň 20-21-nji fewralynda TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminde iş saparynda bolup, inçekeselli näsaglar bilen işlemek, hasabat we meýilleşdiriş meseleleri boýunça monitoring işleri geçirildi. Iş saparynyň esasy maksady bar bolan kynçylyklary ýüze çykarmak, häzirki ýagdaýy seljermek we bu ugurdaky işi has-da gowulandyrmak üçin teklipler taýýarlamak boldy. Monitoringiň esasy tapgyrlary inçekeselli näsaglar bilen işleşmegiň hasabat ulgamyny seljermek, näsaglar bilen duşuşyklar geçirip, olaryň zerurlyklaryny we kynçylyklaryny öwrenmekden ybarat boldy. Geçirilen monitoring Daşoguz welaýatynda inçekeselli näsaglar bilen işleşmegiň häzirki ýagdaýy barada anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Berlen maslahatlar lukmançylyk kömegini gowulandyrmaga, bejerginiň we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de taslamanyň geljekde ösüşine goşant goşmaga ýardam eder.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16976753
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8996
18463
138337
419489
16976753

Siziň IP: 18.221.94.251
2025-03-09