TGÝMJ-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri 2025-nji ýylyň fewral aýynda şäheriň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Hajyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda” okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapakda Şweýsar ynsanperweri, Gyzyl Hajy esaslandyryjy Anri Dýunanyň ynsanperwerlik işi, ol ХIХ asyryň iň ýowuz we gan döküşikli Solferino şäheriniň ýanyndaky urşuň şaýady bolup gören wakalary esasynda “Solferino hakynda ýatlamalary” kitabyny ýazandygyny, bu bolsa ýaralylaryň ykbalyny ýeňilleşdirmek üçin GH we GÝ-ň Halkara Hereketiniň doremegine getirendigini, ol baýlykdan garyplyga çenli ýol geçendigini, ýöne dünýäde ilkinji Nobel baýragynyň eýesi bolandygy, şeýlede nyşanlar barada giňişleýin gürrüňler berdiler.