BAŞ SAHYPA

Ýurdumyzda “Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” halkara  derejesindäki  çäreleriň  sany barha  artýar. Lebap welaýat häkimliginiň, Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenabatdaky Amerikan burçunyň goldaw bermeginde 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne welaýat kitaphanasynda Halkara derejesinde Hünärleriň sergi-ýarmarkasy geçirildi. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Beýik Eýýam bilim merkeziniň, Dana bilim merkeziniň, Zehin ýoly dil we döredijilik merkeziniň şeýle-de Türkmenabatdaky Amerikan burçunyň gatnaşyjylara hödürlän sergi stendleri örän täsirlidi.Her bir ugur boýunça tanyşlyk berdi we ussatlyk bilen öz başarnyklary bilen bäsleşdiler. Dabaranyň myhmanlary we gatnaşyjylary halkyň ýaşaýyş şertleriniň has-da kämil bolmagynda halkara dostlukly gatnaşyklary ýygjamlaşdyryp, başarnyklary gaýgyrman ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, okamaga, döretmäge, gurmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzyn bolup, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini dileg etdiler.

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Fewral 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 31 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 1 2
16738302
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
6504
15013
319375
292623
16738302

Siziň IP: 3.144.97.217
2025-02-22