20.02.2025 ýylda TGÝMJ-niň Merkezi edarasynyň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň başlygy M.A.Açilowa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň başlygy M.Saryýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ç.Rejepowa, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili M.Rahmanow, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriň Halkara Federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekili A.Gapbarow, TGÝMJ-niň Adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň hünärmeni S.Abdyýew çykyş etdiler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl -Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýändigini aýdyp geçdiler.
Bu maslahata ýygnananlar diplomatik işgärleriň hünär baýramy mynasybetli hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletara we hökümetara derejelerde syýasy-diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap bildirýändiklerini aýdyp geçdiler.
«Türkmenistanyň 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göteriljekdigine ynanýarys diýip çykyş edenler nygtap geçdiler. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyzyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyga, oňun bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýilli erk-isleg we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýandygy bellenildi. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de adamzadyň wajyp meseleleriniň netijeli çözgütlerine saldamly goşant goşýandygy barada durup geçdiler.
Dünýä döwletlerinde we halkara guramalarda ata Watanymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri milli Liderimiziň häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de netijelilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek başlangyçlaryny ilerletmegi we yzygiderli durmuşa geçirmegi baş maksady hasaplaýarlar.
Pursatdan peýdalanyp, bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!