Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministirligi bilen bilelikde “Halkara ynsanperwerlik hukugy” barada bilimleri ýaýratmak boýunça meýilnamasynyň esasynda 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Goranmak Ministirliginiň 27734 belgili harby bölüminiň esgerleriniň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň işgärleri tarapyndan “Halkara ynsanperwerlik hukugy” ugry boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketi barada, Hereketiň düzüm birlikleriniň işiniň esasy ugurlary hem-de Hereketiň Esas goýujy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we onuň maksatnamalaýyn işi, Hereketiň düzüm birlikleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlar barada gürrüň berdiler.