BAŞ SAHYPA

2025-nji  ýylyň ýanwar aýynyň 24-ne  TGÝMJ-niň Merkezi  edarasynyň mejlisler  zalynda jemgyýetiň  tertipnama  laýyklykda nobatdaky 9-njy  Merkezi  geňeşi geçirildi. Onda TGÝMJ-iň  2025-nji  ýyl  üçin jemgyýetiň  wajyp  meselelerine  seredildi. TGÝMJ-niň 2024-nji  ýylda  ýerine  ýetirlen  işleriň  hasabaty  diňlenildi.  2025-nji  ýylyň meýilnamasy  ara  alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Geňeşde  jemi 8 soraga  seredildi. Degişli  kararlar  kabul edildi. Merkezi  Geňeşden soň  TGÝMJ-iň 2026-njy  ýylda  jemgyýetiň 100-ýyllygynyň bellenilip  geçirilmegi üçin gurmaçylyk  soraglary  maslahatlaşyldy.

           

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16398422
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10361
13929
272118
476699
16398422

Siziň IP: 18.119.158.142
2025-01-30