BAŞ SAHYPA

Bu gün – 27-nji ýanwar. Pederlerimiziň ar-namysy, dogum-gaýraty siňen eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda sak duran merdana ogullaryň baýramy – Watan goragçylarynyň güni! «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen TGÝMJ-niň ähli şahsy düzümini  we Watan  goragçylarymyzy  tüýs ýürekden gutlaýarys!

Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Merdana Watan goragçylary, size hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik watansöýüjiligini, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini şygar edinip, ata Watanymyzy gözüňiziň göreji deýin goramakda gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, edermenligiň, güýç-gaýratyň hemra bolmagyny arzuw edýäris! «Watan» diýip urýan ýüregiňiziň watansöýüjilik duýgusy ömrüňiziň manysyna öwrülsin!

Baýramyňyz gutly bolsun,  merdana Watan goragçylary!

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16398230
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
10169
13929
271926
476699
16398230

Siziň IP: 18.118.128.63
2025-01-30