BAŞ SAHYPA

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýletinçiler tarapyndan  talyplaryň arasynda   sport bäsleşigi geçirildi.   Bäsleşikde  welo-sport, ylgamak  şeýle-de   sportuň woleýbol  ugry boýunça ýaryşdylar.  Ýaryş gaty gyzykly hem-de çekeleşikli geçirildi. Döwletimizde raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaşamaklary ýaş nesilleriň sagdyn ruhubelent, giň gözýetimli bolmaklaryny  gazanmak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli işler öz netijesini berýär. Ýurdumyzda her bir adamyň sportuň  dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy  üçin mümkinçilikler döredildi. Giň  dünýägaraýyşly sagdyn pikirli kämil ýaş nesilleriň kemala gelmegi döwletimiziň sport ulgamynda döredýän syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
16053483
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
11473
16382
403878
430988
16053483

Siziň IP: 3.142.199.54
2024-12-26