BAŞ SAHYPA

Däp  bolşy ýaly Türkmenistanda bitewi aprel aýy  Bütündünýä saglyk güni bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň çäginde her gün sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat edýän köp sanly köpçülikleýin sport we bilim çäreleri gurnalýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň işgärleri we meýletinçileri tarapyndan guramaçylyk çaresiniň maksatnamasy gurnaldy. Olardan biri 7-nji aprelde №23-nji mekdebe çenli çagalar bagynda geçirildi.

Gelejekde ruhy we bedeniniň sagdyn nesil bolmagy üçin çagalykdan sporda bolan söýgüde terbiýelemek gaty möhümdür. Uly we ýagty sagdyn güni ertirki maşk bilen başlandy. Söňra çagalar özara basleşikde uly höwes bilen yldaw we tigir sürmek ýaly ýaryşlarda bäsleşdiler. Çagalaryň gowy keýpiniň güýji belen ýüzleriniň nury uly adamlar üçin iň gowy sylag boldy!

 

 

 

 

 

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
15058159
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2732
18312
448613
508799
15058159

Siziň IP: 13.58.31.74
2024-10-23