BAŞ SAHYPA

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz “Ähli zadyň sakasy-saglyk” diýen öwüt-nesihatyň   many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler.  Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň özenini düzýän möhüm meseleleriň birine öwrüldi.Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdyn durmuş ýorelgesine eýerip, bagtly durmyşyň hözirini görýär. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümininiň   Ak bugdaý etrabynyň hünärmeni hem, sagdyn durmyş ýorelgesine eýerip wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirip durýar. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky 6-njy tehniki-hünär orta okuw mekdebiniň talyplary bilen “Saglyk, sagdynlyk-bagtyýar durmuş” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Akyldar şahyrymyzyň “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrüň kyl ýagşy” diýip belleýşi ýaly, il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän milli Liderimiz tarapyndan türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagy, saglygyny dikeltmegi, oňat dynç almagy üçin birnäçe mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär.Ynsan saglygyny goramakda uly tagallalary edýän milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaç alsyn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsyn!

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 1 2 3 4
5 6 7 8 9 10 11
12 13 14 15 16 17 18
19 20 21 22 23 24 25
26 27 28 29 30 31 1
18106507
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
3578
12654
342181
446852
18106507

Siziň IP: 18.97.9.169
2025-05-23