Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ilatyň saglygyny goramak,ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik,duýgudaşlyk we ýakynyňa kömek goluny uzatmak ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda uly işler alyp barýar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Merkezi edarasynyň hünärmenleri we meýletinçileri ýaşlara adatdan daşary ýagdaýlarda dogry hereket etmegi öwretmek we ilkinji kömek bermegiň esaslary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň aprelin aýynda Aşgabat şäheriniň 140-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýlarda “Lukmandan deslapky ilknji kömek bermek” mowzugy boýunça we adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda howupsuz zolaga geçirmek, özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada okuwçylaryň arasynda okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy düşnükli we gyzykly görnüşde geçirildi. Okuwçylar gan akmalarda, şikeslerde, ýanyklarda we zäherlenmelerde nähili ilkinji kömek berilmelidigini endiklerini öwrendiler, şeýlede öz başarnyklaryny tejribede hem synap gördüler. Şeýle geçirilýän çäreler çagalaryň durmuşy üçin wajyp bolan endiklerini ösdürýär, özlerine we daş-töweregindäkilere ünsli bolmagy, jogapkärçiligi we duýgudaşlyk duýgularyny terbiýeleýär.