BAŞ SAHYPA

10-11-nji martda "Türkmenistanda AIDS, ýokanç keseller we gyzzyrma bilen göreşmek boýunça bütindünýä fondunyň goldawyndan Türkmenistan döwletiniň ýokanç keseller boýunça milli programma üpjünçiliginden çekilmegi" taslamasynyň çäklerinde taslamanyň utgaşdyryjysy we kömekçisi Ahal welatynda  iş saparynda boldylar. Saparyň barşynda merkezi edaranyň wekilleri  näsaglar we olaryň garyndaşlary bilen söhbetdeş boldular hem-de näsaglara goldaw bermek mehanizmleriniň netijeliligini ara alyp maslahatlaşyldy. Utgaşdyryjy we taslamanyň kömekçisi taslamanyň Ahal welaýat bölüminiň işgärleriniň iş resminamalaryna seredildi. Gözegçiligiň  netijesinde  taslamanyň ilerlemegi üçin birnäçe  soraglary ara  alyp maslahat  berildi.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Mart 2025
Du Si Ca Pe An Se Ye
24 25 26 27 28 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
17102443
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
8983
14822
264027
419489
17102443

Siziň IP: 3.15.158.138
2025-03-17